Ýaponlardan Ylham beriji sözler

Ýaponiýada iň köp( uzyn)  we sagdyn ýaşaýan halkyň adasy bolan Okinawa adasy uzyn yaşaýşyň adasy diýip tanalýar. Okinawa adasyndaky köp yaşulylaryň 80 ýaşyndan geçendigi görülýär.  Okinawa adasyndaky garrylar  bilen geçirilen söhbetdeşlikde olaryň ikigaileri, uzyn ýaşaýşyň syrlary, durmuş pelsepesi soralýar we olaryň ylham beriji sözlerine siziň ünsüňizi çekmek isleýäris. 

 1) Gaýgylanmaň

“ Uzyn ömrüň syry gaýgylanmazlykdyr. Ýüregiňizi giň tutyň, garramasyna rugsat bermäň. Ýüregiňizi ýakymly bir ýylgyryş bilen adamlar açyň. Hem ýylgyryp hemem ýüregiňizi açsaňyz agtyklaryňyz we herkim sizi görmek islär.” Ýaponiýa

“ Gaýgydan uzak durmagyň iň gowy ýoly , köçä çykyp adamlara salam bermekdir. Muny her gün edýän. ‘Salam’ we ‘Soň görüşýänçäk’ diýip öýe geçýän we bagymda gök-önümler bilen meşgullanýaryn. Günortandan soň bolsa dost-ýarlarym bilen wagt geçirýän.” Ýaponiýa

“Bärde herkim biri-biribilen gowy düşünşýär. Problema döretmejek bolýarlar. Esasy zat bilelikde wagt geçirip , göwnüňi açyp bilmekdir.” Ýaponiýa

2)  Gowy zatlary endik ediniň

    “Her gün irden 6-da turup gök-önüm ekýän bag-bakjama seretmek üçin perdelerimi açýaryn. Pomidorlarymy, mandarinlarymy görmek üçin daşaryk çykýarynn..Olara seretmänini gowy görýärin, meni rahatlandyrýar. Bag-bakjamdan 1 sagat wagt geçirenimden soň öýe girip ertirlik edinýärin.”

“ Öz gök önümlerimi özüm ekýän we özüm bişirýän. Bu meniň ikigaim”.

“Garrylykda ýaş galmagyň syry  barmaklaryňyzdyr. Barmaklaryňyzdan beýniňize, beýniňizden barmaklaryňyza. Barmaklaryňyzy meşgul etseňiz ýene bir asyr ýaşarsyňyz”

“ Her gün sagat 4-de turýaryn. 1 stakan kofemi içip ellerimi ýokaryk galdyryp günlük maşklaryma başlaýaryn. Bu maňa galan günüme gowy energiýa berýär”

         “Her zatdan azajyk iýýärin. Meniň pikirimçe asyl syr bumyka diýýärin. Naharlaryň dürli-dürli görnüşde  bolmasyny halaýaryn, bu has gowy lezzet berýämikä diýýärin”.

“Işläň. Işlemeseňiz bedeniňiz çöker.”

“ Her gün irden belli sagatda turýaryn we bag-bakjamda wagt geçirýärin. Hepdede bir gün dostlarym bilen tansa gidýärin”.

“Her gün maşk edýärin we hergün irden ýöreýişe çykýaryn.”

“Uzyn we sagdyn ýaşamak üçin 3 zat gerek: sagdyn bolmak üçin maşk etmek, gowy naharlanmak we adamlar bilen  wagt geçirmek.”

3)  Dost-ýarlaryňyz bilen wagt geçiriň.

“ Dostlarym bilen ýygnanşmak meniň iň esasy ikigaimdir.  Hemmämiz ýygnanşyp gürrüň edýäris. Bu gaty möhüm meniň üçin. Erte olary görjegimi bilýärin. Bu meniň durmuşda gowy görýän zatlarymyň biri.”

“Asyl güýmenjäm dostlarym we goňşylarym bilen ýygnaşmak.”

“Gowy görýän adamlaryňyz bilen hergün gürleşiň, ine asyl syr şu.”

“Goňşular bilen gürrüň etmek we çaý içmek durmuşdaky iň gowy zat. We bilelikde aýdym aýtmak.”

“Her gün sagat 5-de turýaryn, öýi bolşy ýaly goýup deňiz kenarynda ýöreýärin. Soň bolsa bir dostumyň öýüne gidýärin we bilelikde çaý içýäris. Ine asyl uzyn ýaşaýşyň syry: adamlar bilen gatnaşykda bolmak we bir ýerlere gitmek”.

4) Durmuşy howlukman ýaşaň.

“ Uzyn ýaşaýşymyň syry hemişe özüme ‘Agyr başly bol’ we ‘Rahatla,’ diýmekdir. Howlukmasaňyz has uzyn ýaşarsyňyz.”

“Uzyn ýaşaýşymyň syry ir turmak we ýöreýişe çykmak. Rahat ýaşamak we kiçi zatlardan lezzet almak. Dostlarym bilen gowy gatnaşmak. Bahar, tomus, güýz, gyş…Her möwsümi duýyp, lezet alyp ýaşamak.”

“ Her gün dürli zatlar bilen meşgul bolýaryn”

5) Pozitiw boluň

“ 98 ýaşymda. Yöne özümi ýaş görýärin. Entek etmeli köp işim bar.”

“100 ýaşamak üçin ýaşaýaryn, Elbetde! Bu meni gaty höweslendirýär. “

“Agtyklarym bilen tans etmek we aýdym aýtmak durmuşdaky iň lezzet alýan zadym.”

“Bu ýerde dogulmak meniň üçin uly bagt. Munuň üçin her gün şükr edýärin.”

“Bu durmuşyň maňa beren zatlary üçin meýletin işleýärin. Meselem , maşynymy dostlarymy hassahana äkitmek üçin ulanýaryn. “

Howwa, hemmämiziň görşümiz ýaly Ýapon halkynyň bir bir ikigaisi bar. Ikigai geçenki makalamyzda nämedigini belläp geçipdik. Biz hem bu ylham beriji sözlerden ugur alyp özümiziň durmuşymyza goşant goşalyň. Jemläp alanymyza Ýapon halkynyň:

  • Bag-bakjasy bar. Ekin ekmek , ösdürmek milen meşgullanýarlar
  • Kiçi zatlary gutlaýarlar (belleýärler). Aýdym aýtmak, tans etmek..
  • Durmuşda bir maksatlary bar. Ikigailari bar.
  • Dost-ýarlary bilen wagt geçirýärler. We esasy zat ähli zatdan lezzet almanyny başarýarlar.

Comment 1

  1. Ayjeren 03/10/2018

Leave a Reply