Täzeden dünýä gelseň haýsy käri seçerdiň?

Öň hemişe diýýädim “Täzeden dünýä gelsem ýene Diş doktor bolaryn” diýip. Sebäbi işimi söýýädim höwes bilen gidip gelýädim. Özümem 9-njy fewralda, ýagny bütün dünýä Diş doktorlar gününde dogulmagym maňa has hem güýç berýärdi, berýärem. Allatagala maňa Moskowada, Aşgabatda, Ankarada diş doktor bolup işlemegi nesip etdi. Lukman bolmak, her gün täze adamlar bilen tanyşmagyň (networkyň ulalmagy) , lukmana mätäç bolup gelýän hassalara kömek etmegiň, olaryň alkyşyny almagyň lezzeti tarypsyz.

Ýöne soňky döwür durmuşda bir zatlar döretmek, bir zatlary orta goýmak , oýlap tapmak has uly lezzet berýänine düşündim. Sebäbi döredijik ýok zady bar etmek. Bu emele gelen zadyň seniň işiňdigini görüp bilmek saňa has hem uly lezzet berýär. Günümizden mysallar bermeli bolsa bu prilojeniýa ýazmak, web sahypa ýazmak – ýagny kod ýazmanyny öwrenip kelläňdäki pikirleri koda ýerleşdirip bilmek, ýa-da içiňdäki duýgulary bir kagyza ýazyp bilmek, kitap ýazmak; ýa-da tebigaty synlap onuň owadanlygyny görüp bilmek- belkide häzirki döwrüň dili bilen aýtsak muňa STARTUP diýilýän bolmagam mümkin. Facebook, Instagram, Udemy, Yemeksepetim, Amazon…..bularyň ählisi  günümiziň tehnologiýanyň bize  berýän döredijiligi, STARTUP-y.

Elbetde diş doktor kärimi taşlajak diýemok, belkide indiki maksatlarymdan biri Germaniýada Diş lukmany bolmak, ýöne ikinji gezek dünýä gelsem hökman programmist ýa-da kitap ýazardym. Okuwçy döwrüm kompýuter we dil ugurlaryny saýlamak hökman däl diýýädim, sebäbi olary özbaşdak öwrenip bolýanyna ynanýadym ýa-da uniwersitet okasaň iňlis dil sapagy şeýlede öwrenýäň diýip pikirlenýädim.

Howwa şonuň üçin häzir makala ýazmak maňa hobbi boldy. Belkide hemme makalalarymy bärik goýamok, ýöne günlik ýazmaga çalyşýan. Diýýänsiňiz belki nirden pikirler gelýär….kitap okamaga çalyşýan…okadykça durmuşymzdaky ýalňyşlary, ýetmezlikleri görýän we muny  paýlaşmak isleýän …..paýlaşmak üçin hem ýazýan. Men muny boş stakana meňzetýän, stakana suw guýdugyňça dolýar we daşyna dökülýär. Şu döwürde bilim şeýle bir özgerýär yzyndan kowalap ýetip bolanok. Öňler bir öwrenen zadyň 5-10 ýylyňa ýetýädi. Häzir bir günüňide ýetenok. Bu gün dogry bilýän zadymyz, ertesi gün ýalňyş bolup çykýar. Her gün täze tehnologiýalar, täze metodlar döreýär. Iň bärkisi çaga terbiýesi…eje-kakalarymyzyň bizi terbiýeleýşine meňzemeýär. Häzir çagalar tehnologiýa bilen bile ulalýarlar. We biz ene-atalara düşýän wezipe olary tehnologiýaň özgerýän döwründe terbiýelemegi öwrenmekdir. Ýazmak hem okap özüňi kämilleşdirmekden başlanýarmyka diýýän. Käbireriňiz ýazmagy sungat ýaly görýän bolmagyňyz mümkin, ýöne ýazmak sungat dälde endik. Ýazdykça ýazmakda kämilleşýäň.

Ýazmak sungat däldir, endikdir.

Kod ýazmak hakda aýtsak … tehnologiýa günümiziň aýrylmaz bir bölegi. Geljekdäki tehnologiýada bolup geçjek özgertmeleri pikirlendikçe dogrusy  gorkýanam . Şu döwürde nähili iş etseň hem(bizness)  internet ulgamyny ulanman hiç bir netije alyp bolmaýar. Sebäbi adamlar ähli zada telefonyň üsdi bilen amala aşyrýarlar. We munyň geljekde has hem özgerjekdigi gaty mälim. Öňler ähli maglumatlary  telewizordan  alýadyk, soň web sahypalardan ýagny kompýuterlerden alynýar , häzirki döwürde ähli zat prilojeniýanyň kömegi bilen. Günümizde telewizorlaryň ýuwaş-yuwaş durmuşymyzdan ýitip barýanyny  görýäs.

Elbetde kod ýazmanyny öwrenmek höwes işi, ýöne soňunda orta goýulan işi görüp bilmek adama hakykatdan hem uly lezzet berýär. Geljekde durmuşda tehnologiýada bir ýerleri eýeläp galmak, öz pikiriňizi koda geçirip bilmek isleýän bolsaňyz kod ýazmagyň bir ýerinden ýapyşyp, öwrenmegiňizi maslahat berýän.

Belkide bu maslahatlar maňa öň berilen bolsa şu wagt diş doktor dälde programmist bolardym, ýöne bilýän häzirem giç däl we öz pikirlerimi amala aşyrmak üçin JAVASCRIPT programma dilini öwrenýän. Durmuşyň şeýle tarapam bar, bilim ojaklarynda bize 2+2=4 digi öwredilýär. Ýöne 2+2=3 bolup bilýändigi öwredilmeýär.

Adamyň durmuşy monoton bolmaly däl (her gün iş-öý, öý-iş). Monoton durmuş belli bir ýerden soň ýadatýar. Durmuşda herkimiň aýalyň, erkegiň bir hobbisi bolmaly. Sizi her gün irden turuzjak güýç bolmaly.  Men özümi döredijilikde tapdym ( kod we makala ýazmak). Belkide entek tapmadymam….Belkide hobbilerim durmuşda meni bir ýerik getirmezem, yöne her gün olar bilen  täze güne başlamak, her gün bir zatlar öwrenmek we ony öwretmägä çalyşmak… asyl durmuşyň lezzeti şundamyka diýýän.


Ünsüňizi çekip biler: Bir zada ynansaňyz hökman başararsyňyz: Pygmolionyň effekti

Leave a Reply