Sosial ulgamlaryň durmuşymyzdaky zeperleri.

Häzirki döwürde sosial ulgamlar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi boldy. Az ýa-da köp hemmämiz sosial ulgamlary ulanýarys ( imo, instagram, tweeter, facebook). Elbetde sosial ulgamlaryň durmuşymyza getiren peýdalary bar, ýöne bärde onuň bize berýän zyýanlary hakynda gürrüň bermekçi. 


1) Ünssizlige ýol açýar.

Alymlar, 100 kşiden ybarat bolan meýletin topar bilen barlag geçirýäler we barlagyň netijelerini Journal of the Royal Society Interface –de çap edýäler. Geçirilen barlaglarda, sosial  ulgamyň adamyň beýnisindäki maglumatlaryň üstünde işlemek we düşünmek ýaly ukyplaryna berýän täsirini ölçeýärler. Netijeleri gaty geň galdyrýar. Sosial ulgamlar adamlaryň kellesindäki garyşykk soraglara has gowy jogap tapmaklaryna kömek edýär ýöne dogry pikirlemek we dogry hereket etmekde gaty zyýan ýetirýädi.

Howwa , sosial ulgamlaryň kömegi bilen ähli maglumatlar barmaklarymyzyň uçlarynda. Has gowy ýa-da has zehinli bolup bilemizok, özümizi özgerdip bilemizok. Sebäbi  diňe taýýar maglumatlary alýarys  we ünsimizi jemlemek bize kyn düşýär.

2) Ynsanlar arasyndaky aragatnaşygy bozýar

Dostlarymyz bilen bir ýerik gidenimizde ýa-da nahar iýenimizde gaty köp duş gelýäris. Sebäbi dostuň seniň bilen dälde imoda başga dosty bilen ýazyşýandyr, ýa-da herkim  telefonlaryna üns berýär, gürleşjek zadyňyzam galmaýar. Bu bolsa adamlar arasyndaky dostlugyň ýuwaş-yuwaş bozulmagyna getirýär. Hatda şu döwürde ene-atalar çagalaryna üns bermek ýerine telefonlaryna has köp üns berýäler. Bu bolsa çaga bilen ete-atasynyň arasyndaky söýgi bagyň bozulmagyna sebäp bolýar.

3) Özüňi gereginden aşa köp söýdüýär (narsisizm)

Herkim özüni üýtgeşik görýän bir dünýäde ýaşaýarys. Diňe adamlara görkezmek üçin stakan alýarlar, surata düşmek üçin gezýärler we netijesinde hiç zatdan keýp alyp bilenoklar. Sebäbi bu zatlaryň ählisini adamlara sosial ulgamda görkezmek üçin edýäler.  Sosial ulgamdan gelýän jogaplar bolsa adamyň özüni aşa köp söýmegine sebäp bolýar.

Geçirilen barlaglarda adamlaryň  instagram we facebookdaky sosial aragatnaşyklary, sosial durmuşlary  hakyky durmuşdaky  asosýal, ýagny adamlar bilen dostluk gurmaýan, garasöýmez durmuşlary bilen deň gelýändigi orta goýuldy.

4) Depressiýa ýol açýar

Pittsburgh uniwersiteti 1,787 sany amerikalylaryň üstünde sosial ulgamyň we depressiýa arasyndaky baglaşygy bilmek üçin barlag geçirýär.  Barlagyň netiejsinde sosial  ulgamda geçirilen wagt näçe köpeldigiçe depressiýanyň hem artýandygy orta goýuldy.

Herkim durmuşyny elinden geldigiçe gowy, sagdyn ýaşamag açalyşýar. Gynansagam sosial ulgamlardaky ýalan habarlardan, reklamlardan we erbet habarlarlardan doly.  Bu bolsa biziň durmuşymyza uly täsir edýär.

5) Işiňizdäki başarjaňlygyňyzy azaldýar.

Bergen uniwersitetinde geçirilen barlaglarda , iş ýerinde ulanylýän sosial ulgamlar bilen işdäki önümçilik arasyndaky baglanşyk orta goýuldy. Barlaglara görä iş ýerdäki sosial ulgamlary ulanşyňyz köpeldigiçe , işdäki önümçiligiňiz, başarjaňlygyňyz azalýar.

Egerde işdäki başarjaňlygyňyzy görkezmek isleýän bolsaňyz, onda sosial ulgamlary gereginden az ulanmagy masalahat berilýär.

Howwa, bu döwürde hiçkime asla sosial ulgamalary ulanmaň diýip bolmaýar. Sebäbi ähli maglumatlar, habarlaşmalar sosial ulgamlarda. Sebäbi bizness etseňem, birzat gözleseňem  internetsiz üstünlige ýetmek  kyn. Durmuş sosial ulgamlary ulanmagymyzy talap edýär. Ýöne esasy zat bärde sosial  ulgamlar bizi ulanmaly däl, biz olary ulanmaly. Ýagny sosial ulgamdaky wagtymyzy adamlaryň durmuşyndaky suratlara  seretmek üçin dälde, bir zatlar öwrenmek, özümizi özgertmek üçin ulanmaly. Ýogsam sosial ulgamlar bizi ulanar we biz olaryň guly bolarys. Karar siziňki!


Ünsiňizi çekip biler: Talyplar üçin  peýdaly 13 sany internet çeşmesi

Leave a Reply