Sadalaşyň!

Bu dünýä geldik, ýaşaýas, bir zatlar bilen başagay bolup ömrümizi tamamlaýas. Näme üçin geldik, näme üçin ýaşaýas we nirik barýas ýaly soraglary her kim özüne berip gören bolsa gerek! Herkimiň hem özüne görä jogaplary bar.

Biri ynsanlyk – adamzat üçin ýaşaýar, biri özi üçin ýaşaýar, biri ýaşamak üçin ýaşaýar….ýa-da näme üçin ýaşaýanymyzam bilemizok.

Ilki bir maşagalada dogulanymyzda ene-atamyzyň kömegi bilen daş-töweregi tanap başlaýas. Olar bizi söýse  biz özümizi söýüp başlaýas, ynsanlygymyzy duýup, durmuşdan lezzet alyp başlaýas.

Eger-de ene-atalarymyz bizi dereksiz, biderek, peýdasyz görse biz hem özümizi gereksiz, peýdasyz görüp, içimizde ýagny ruhymyzyň bir ýerlerinde ýaralar emele gelýär.

Ýaşlykdan emele gelen ýaralar we durmuşdaky kynçylyklaryň  getiren ýaralary bizi binjalyk etmäge dowam edýär. Taryhdan bu ýana bu ýaralary bejermegiň birnäçe ýollary bolsada, döwrümiziň adamlary muňa başga çäre tapdylar: bir zatlar satyn alyp içimizdäki, ruhumyzdaky ýaralalary bejermäge , dereksizligi  ýok etmäge çalyşýas. sadalaşyň

Günümizdäki mysallara ser salsak täze telefon ( iphone ) çykýar. Adamlar şol telefony birinji bolup alyp bilmek üçin gijeläp çadyr gurýarlar, gijeläp şol nobatlarda garaşýarlar. Ýogsam täze iphone öňkisinden kän bir tapawudam ýok, ya-da azajyk garaşsa magazinlara gidip kösenmän hem  alyp bilýär. sadalaşyň

Adamyň içinde, ruhy dünýäsinde söýgi mätäçligi, goldaw mätäçligi, özüniň wajyplygyny duýup bilmek mätäçligi bar. Mundan başgada adamyň arzuwlary bar…dünýäni görmek, tanamak,  özüne ynamly bolmak isleýär, gowy ýerde işlemek isleýär. Bu isleg arzuwlary amala aşyrmagyň we ruhymyzdaky ýetmezçilikleri bejermegiň bir näçe ýollary bolsada biz adamlar özümize, öýümize bir zatlar satyn alyp begendirmäge çalyşýas.

  • Gowy ruçka depderler alýas gowy okamak üçin
  • Gowy ökjeli köwüş alyas ýanýoldaşymyzyň gözünde gowy görünmek üçin ya-da beyleki zenanlardan tapawutlanmak üçin
  • Gowy sagat alýas, daş töwregimizdäkiler bizi sylasyn, cool görsinler
  • Soňky täze telefon alýas işdeşleriň “ oooo bet bet “ diýmesi üçin , olaryň ünsüni özüňe çekmek üçin

Işiň gyzykly tarapy,  howwa özümizi belli bir  wagt bagtly duýýas, ynamly duýýas , dünýä biziň daşymyzda aýlanýan ýaly bolýar…ýöne bu duýgular wagtlaýyn bolup soň yuwaş yuwaş azalýar..haçana çenli? Haçanda täze zat, täze eşik alýançak. Bu şeýdip gaýtalanyp dowam edýär. Bulam nämä sebäp bolýar köp işlemegimize, sebäbi bize olam gerek, bulam gerek pul ýetişenok. We halamaýan işimizde işlemäge dowam edýäs. Gereginden köp işlemek bolsa adamyň tebigatyna ters gelýär.  Bu bolsa adamy göwniçökgünlige ( depressiýa) iterýär.

Durmuş guramdan soň hemme zadymyz bolmaly diýýäs, öýüm bolsun, maşynym bolsun, gowy otelde dynç alaýyn ýa-da zat geçdi, ýalyk daňdy, gyz tarap we oglan tarap toýlary bolsun diýýäs. Asyl bu zatlar bizi bagtly edenok sebäbi halk görsün diýýäs, olar tarapyndan alkyşlanaýyn diýýäs.

Belkide toý edemizden soň diýýändiris ýekeje toý hem ýeterlik eken diýip.

Täze ýyl ýakynlaşýar, ähli ýerde arzanladyşyklar, 3 günlik arzanladyşyklar, Black Fridayler satyn almagymyzy tizleşdirýärler. O zada mätäçligim barmy yokmy diyip özümize sorap ýetişemizok.  Öňler eşikler gyşlyk we ýazlyk diýip aýrylýan bolsa indi her hepde täze moda çykýar. Bizem modadan yza galmajak bolup, ýa-da bir geyen köýnegimizi ikinji gezek geýmejekk bolup ( başgalary 2 nji gezek geýipdir diýip aýtmasyn ) täze eşikleriň gözleginde bolýas.


Sadalaşmak ýa-da minimalizm – häzirki döwürde öňe sürülýän akymlaryň biri. Ýagny durmuşymyzy sadalaşdyrmakdyr! Aýagymyza bagly zynjyrlary goparmakdyr, üstümizdäki ýüki ýeňletmekdir. Sebäbi gereginden artyk zatlar, pikirler, maksatlar, arzuwlar …..adam beynisini ýadatýar we adamy özüne baglaýar! Bu bolsa adamy soňy görünmeýän ýola çykarýar….

Zat satyn alanymyzda nämä üns bermeli

  • ” Irden öýden çykanymda aklymda ýok zady satyn aljak däl”
  • Eger bir zady satyn almak islesek, 2 gün garaşyň. Ol ýerdäki tizligi ýuwaşladyň
  • Hakykatdanam aljak bolýan zadyňa mätäçligiň barmy? 1-2 ýyl soň däl, şu wagt şol saňa gerekmi?

Biz türkmen halky bolup köp zadymyzy öýde jemlemägi gowy gorýäs. Soň ulanaryn, horlanamda geýerin, ýyllar soň gyzymyň çagasyna bererin…hatda köpimizizň öýünde skladymyz bar. Ýagny ulanmaýan zatlarymyz üçin aýratyn otag bar..aslynda ynsan birilerini begendirse kömek etse asyl bagty şonda duýýar, şondan lezzet  alýar. Eger öýdäki ulanmaýan zatlary mätäç kişilere bersek hem olary begendirýäs, ýagşy dileglerini alýas, hem özümiz paýlaşdykça rahatlaýas. Bu biziň aýagymyza dakylan zynjyrlary goparmagyyza meňzeýär.

Durmuşymyzda diňe zatlar däl; saňa

  • Gerekmejek adamlar  bar
  • Geremejek gatnaşyklaryň bar
  • Gerekmejek  yzarlaýan, seniň kelläňi dereksiz zatlar bilen doldurýan instagram sahypalaryň bar; ýa-da seniň ýöredýän peýdasyz sahypalaryň bar
  • Gerekmejek arzuwlarymyz bar
  • Gerekmejek birnäçe maksatlarymyz bar

Döwrimiziň tanymal adamlaryny, ýagny Steve Jobs, Mark Zuckerburg….mysal alsak olar günde, publikada näme eşik geýjeklerini pikirlenenoklar. Olar shol bir futbolkadan  birnäçesini alyp hemişe bir meňzeş fotbolka ýa-da köýnek geýýärler.

Aslynda ynsan durmuşyndaky dereksizligini,  boş taraplaryny, boş wagtlaryny gerekmjek zatlar bilen doldurmaga çalyşýar. Onda biz näme bilen özümizi doldurmaly.

  1. Özümizi tanamak- özüňizi tanaň! Durmuşdaky maksatlaryň näme, höwesleriň näme, talantlaryň näme?
  2. Aragatnaşyk- ýalňyzlyk belli bir ýerlerde gowy bolsada adamlar bilen dost bolup bilmek, olara kömek edip bilmek geçirilen ähli psihologiki barlaglarda adama iň mätäç zerurlyklardan  biri hasaplanýar.
  3.  Meşgullanyň- belkii bir ýerde işleýäňiz ya-da öýde , işläňizok. Hökman bir hobbiňiz ya-da boş wagtlaryňyzy doldurjak bir zatlar bilen meşgullanyň.  Bu kitap okamak bolsun, yazmak bolsun, diňlemek bolsun, jorap örmek bolsun, futbol oýnamak bolsun…ýöne boş wagtyňyz boş geçmesin.
  4. Sükür ediň- adam şükür etdikçe özüniň barlygyny duýýar!  Şükür etmek sizi üstüňizdäki agyr ýüki ýeňledýär
  5. Hyjuw- içiňizdäki özüňizi, durmuşdaky ýeriňizi tapyň! Gözlegde boluň!

Ünsiňizi çekip biler: Sosial ulgamlaryň durmuşymyzdaky zeperleri.

Comments 2

  1. Anonim 13/12/2018
  2. Anonim 25/12/2018

Leave a Reply