Meniň esasy maksadym

Bu gezekki makalada hiçhili çeşmeden peýdalanman diňe öz pikirimi beýan etmekçi. Bu ýazgyny ýazmagymyň sebäbi birnäçe gezek bu saýtda ýa-da beýleki saýtlarda “plan ýerden alypsyňyz” ýa-da “ogurlapsyňyz” ýaly teswirlere gabat gelmegim boldy.

Ilki bilen özüm barada gysgaça maglumat berip, ondan soňam döredijilik işinde nähili ýoly yzarlaýandygym  we näme üçindigi barada ýazmakçy.

Uniwersiteti 2012-nji ýylda gutardym we beýleki ylmy derejeleri almak maksady bilen birnäçe ýyldan bäri okuwa dowam edýärin. Başgaça aýdanymyzda durmuş sapaklaryny hasaba almasak ömrümiň 20 ýyldan köp bölegi kitaplardan, mugallymlardan ýa-da belli çeşmelerden ylym-bilim öwrenmek bilen geçdi diýsek ýalňyş bolmaz. Emma belli bir wagtdan soň diňe öwrenmek adamy kanagatlandyrman eýsem birzatlar döretmäge, öwrenilenleri öwretmäge bolan mätäçlik duýgusy has agyr basyp başlaýar. Bu saýtda tejribesizrägem bolsak birzatlar paýlaşmak, meniň üçin bu duýgymy kanagatlandyrmak, bu dünýäde ýaşaýanlygyma görä kiçijigem bolsa oňa we onda ýaşaýanlaryň durmuşyna peýdaly bir goşant goşmak üçin bir gural, bir sebäp hökmünde.

Indi bolsa makalany ýazmagyma sebäp bolan ýokarda agzan teswirlerime birnäçe taraplaýyn jogap ýazmakçy.

Birinjiden, şuwagta çenli okan eserlerimiň, ylmy işleriň ýa-da taýýarlanan wideolaryň hiçbirinde-de (roman, poýema ýaly edebi eserleri göz öňünde tutamok) awtor bütin eserini öz pikir we düşünjelerinden bina etmeýär. Ol eserinde hökmany suratda başga çeşmelerden peýdalanýar. Hatda diplom işleri, dissertasiýalar ýa-da ylmy makalalar ýaly ylmy işler ýazylanda onuň köplenç birinji baby diňe çeşmeleriň gysgaça mazmunyndan ybarat bolýar we ulanylan çeşmeleriň köplügi gözlegleriň has giňişleýin edilendigini görkezýär. Bu usuly öz ýazýan makalalarymda hem ulanmagy makul hasaplaýaryn.

Şol sebäpli birnäçe eseri okap, wideolardan maglumat toplap, birnäçe çeşmeden peýdalanyp, netijede edinilen maglumatlary öz pikir süzgejiňden geçirip ony ýazga dökmek ogurlyk däl-de zähmetdir. Iň bärkisi bu edilen terjime hem bolsa arkasynda dökülen der, çekilen zähmet bardyr. Zähmet bolsa sylaga mynasypdyr.

Ikinjiden bolsa ýazylan makalalary okaýanlaryň diňe meniň şahsy pikirlerim bilen çäklenmän, okamaga wagtlaryny harjanlaryna görä has giňişleýin maglumat alyp bilmeklerini isleýärin.

Meniň pikirimçe bu ýazylan ýazgylaryň aşagyna “plan ýerden alypsyňyz” ýa-da “ogurlapsyňyz” ýaly teswirleri ýazmagynyň aşakdaky ýaly birnäçe sebäpleri bolup biler:

  • Ýazan kişi özüniň bu tema bilen bagly (belki has köp) maglumatynyň bardygyny bildirmek;
  • Döredijilik işinde yzarlanyp biljek ýollar barada maglumatynyň azlygy;
  • Özüniň başga dillerdäki maglumatlardan peýdalanyp bilýändigi üçin, herkimi özi ýaly hasaplap, diňe türkmen dilinde gürläp bilýänleriň hem dürli temalarda maglumat edinmäge, öwrenmäge mätäçliginiň bardygyny unutmak;
  • Türkmen dilindäki maglumat çeşmeleriň ýeterlik däldiginden, türkmen dilindäki maglumatlaryň artmagynyň özümize peýdaly boljakdygyndan bihabar bolmak;

Belki ýokarda sanan sebäplerimizden düýbünden başga sebäbi hem bolup biler. Emma meniň bu saýtda birzatlar ýazmaga synanyşmagymyň gysgaça sebäbi peydaly birzatlar orta goýmak.

Şuwagtky döwürde tehnologiýanyň ösenligi sebäpli esasy ýaş nesil, galybersede dürli ýaşdaky kişiler wagtyny kitap okamakdan köp internet ulanmak üçin harjaýarlar. Internet – maglumatlary birnäçe sekundyň dowamynda dünýäniň islendik ýerindäki kişiler bilen paýlaşmagyň iň gysga ýoly. Netijede bir ýyl oturyp bir kitap ýazyp çap etmekden (elbetde kitabyň ýeri aýry), gysga-gysga we birnäçe çeşmäni öz içine alýan ýazgylary dowamly paýlaşmak has amatly ýaly görünýär.

Galybersede öz halkymyza, öz dilimize, öz ýaşlarymyza eýe çykmak, halkymyzyň abraýyny artdyrmak herbirimiz üçin gaýrygoýulmasyz bir wezipedir. Herkim güýjüniň ýetdiginden bu işiň ujundan tutmaly. Kimisiniň güýji ýazmaga, kimisiniňki okap özüni ýetişdirmäge, kimisiniňki öwretmäge ýetýän bolup biler. Esasy zat bu ugurda elimizden gelenini etmek. Eger biz biri-birimizi goldamasak, biri-birimize arka çykmasak öz aýagymyza özümiz palta urdugymyz bolar.

Ýurdumyzyň has hem gülläp ösmegi üçin, bize okaýan, öwrenýän, öwrenenlerini durmuşa geçirýän, döredýän, zähmetsöýer, watanperwer nesil gerek. Bu ugurda geliň hemmämiz elimizden gelenini edeliň we biri-birimizi goldalyň.

Eger siz hem pikirleriňizi, okan we öwrenen zatlaryňyzy, ýazga döküp ýa-da terjime edip paýlaşmak isleseňiz çekinmän habarlaşyp bilersiňiz. Hemmäňiziň üstünlik hemraňyz bolsun!

Ünsüňi çekip biler: Başarjaň bolmak arzuwymyzy nirede ýitirdik?

Comments 8

  1. Anonim 29/01/2019
  2. Anonim 29/01/2019
    • Enejan 29/01/2019
  3. Anonim 05/02/2019
  4. Annamyrat 06/02/2019
  5. Anonim 06/02/2019
  6. Anonim 06/02/2019

Leave a Reply