Janyna kast etmekden ýüz öwrüp KFC-ni guran Adam Colonel Sandersiň hekaýasy

Dünýäniň iň meşhur Fast Food markasynyň biri bolan Kentucky Fried Chickeniň logosyndaky adam kim diýip hiç gyzyklandyňyzmy? KFC-ni guran bu geçi sakgally we äýnekli adam : Colonel Harland  Sanders.  Özi näçe gezek ýykylsada, ýerinden turmanyny başaran we arzuwlaryna ýeten başarjaň telekeçi.

Colonel Harland David Sanders, 1890-njy ýylda Indianada eneden dogulýar. 5 ýaşynda kakasyny ýitiren Sanders, ejesi işlemeli bolanlygy üçin 5 ýaşynda öz jigilerine seredip başlaýar.

KFC-niň düýbüni tutan aşçylyk ukyby, jigilerine nahar bişirip bermegi bilen başlaýar.

10 ýaşynda işlemäge başlan Sanders, 16 ýaşynda mekdebi taşlaýar we 17 ýaşyna gelende 4 sany dürli işlerden çykarylýar. Ejesi toý edeninden soň öweý kakasy bilen düşünişip bilmänligi üçin öýünden gidýär we pasportynda doglan ýylyny üýtgedip Amerikan goşunyna goşulýar.


Azyrak wagtdan soň goşundan hem kowulýar.

Colonel Sanders, 18 ýaşynda Josephine King bilen toý edýär. 22 ýaşynda çenli  demir ýol mezillerinde prowodnik bolup işleýär, ýöne ol ýerdenem kowulanyndan soň aýaly çagalaryny alyp gidip ony taşlaýar.

Colonel  we Josephiniň 3 çagasy bardy ýöne ogly uzak ýaşamady. Colonel gaty gyn günleri başdan geçirýädi.

Köp wagtlap birnäçe işlerde işledi, ýöne hiç birinde başarjaň bolup bilmedi. Bu sebäpläm janyna kast etmänini ýüregine döwüpdi. Bu zatlary oýlanyp otyrka, özüniň bir temada ökdedigi ýadyna düşdi: nahar etmek!



   Mundan soň, dükan açmaga karar berýär.

Tennesseeň ýakynlaryndaky Corbin şäherinde bir ýangyç guýulýan ýeriň ýanynda ilkinji KFC dükanyny açýar. Özüniň taýýarlan şerbeti bilen gowurylan towuk satmaga başlaýar we Sandersiň menýulary gysga wagtyň içinde alyjylary tarapyndan halanylýar.

Alyjylaryna has gowy hyzmat edip bilmek üçin ýangyn guýulýan ýeriň garşysyndan kafe açýar. Ady gysga wagtyň içinde bütin welaýatda eşidilýär we oňa “Albaý” lakamyny dakýarlar.

Colonel Sandersiň bu üstünligäm köp wagta gitmeýär. Sandersiň hyzmat berýän , herkimiň gelip geçýän kafesi , täze gurulýän köçe sebäpli adamlar gelip-gidip bilenokdy we elýeterli däldi.

Sandersiň alyjylary azalýar we soňunda bergilerini berip bilmek üçin ähli zadyny satmaly bolýar. 66 ýaşynda pulsuz galypdy, ýöne näme bolsada pes etjek däldi!

Sandersiň elinde diňe pensiýasy bardy. We towuklaryny satyp biljek bir ýer gözleýärdi. Maşyny bilen Amerikadaky 1008 sany restorany gezýär we hiç birisi kabul etmeýär. Ahyry 1009 –njy restorana öz teklibini kabul etdirmänini başarýar. Ahyry öz maksadyna ýetipdi.

Satylýan her towugyna prosent alýan Sandersiň towuklary alyjylary tarapyndan gaty halanylýardy. Zakazlary gün günden köpleýärdi we Sanders, Amerikanyň çar tarpyndaky ýüzlerçe restorana Franchise berýär. Maksadyna giç bolsada ýetipdi.

KFC-niň tanalyp , ulalmasy bilen, Albaý Sanders, firmanyň logosynda suratynyň goýulmagyy şerti bilen firmasyny 2 milýon dollara John Brown Jr.-a satýar. Firmanyň logosyndaky suraty üçinem ýylda 250.000 dollar tölenmeli edilýär.

90 ýaşynda ýogalan Albaý Sanders, başdan geçiren kynçylyklary seretmezden gurup giden KFC firmasy şu wagt 115 ýurtda , 19.000-den köp ýerde hyzmat berýän , dünýäde iň köp söýülýän fast-food markalaryň biri.

Temany Ýapon atasözi bilen gutarmak isleýärin:

Ýedi gezek ýykylsaňam, sekinji gezek aýaga gal

Sebäbi 60 ýaşynda näçe gezek şowsuzlyga duş gelseňizem , ýeriňizden turyp üstünlige ýetip bilersiňiz.


Ünsüňizi çekip biler: Has gowy  öwrenmek üçin S.O.D.G.A usuly

Comment 1

  1. Anonim 08/10/2018

Leave a Reply