Ikigai näme?

    Köp kişiniň bilýän, Yapon halkynynyň ýaşaýyş stili: Ikigai.

Ikigai bu Yapon halkynyň  ýaşaýyş stili bolup, olaryň medeniýetinde “ Herkimiň irden krawadyndan(düşeginden)  turmak üçin bir sebäbi bolmalydyr”  ynanjyndan gelýär. Ýagny herkimiň bir “Ikigai” si bardyr.

“Ikigai” näme many berýär?

Ikigai ,”Ýaradylyş sebäbimiz” diýen many berýär, ýagny bu durmuşda sizi bagtly etjek we höweslendirjek zatlary tapmakdyr…Bu täze ýaşaýyş stili herkimiň aklynda bolan “Bu durmuşymda näme etmeli?” soragyň jogabydyr. Bu diňe özümizdäki ýetmezlçigi däl eýsem daş-töwregimizdäkiler bilen ýagny sosial aragatnaşyklary gurmagy, güýçlendirmegi maslahat berýän Ikigai ilki Ýapon adasynda duş gelýär. Dünýäde 100 ýaşyndan geçen iň köp adamlaryň ýaşaýyş ýeri bolan Okinawa uzyn we bagtly ýaşayşyň syryny orta goýýar.

Hector Garcia, ýazan “Ikigai” kitabynda : Ikigaiňizi tapmak üçin aşakdaky 10 ädimi yzarlamagyňyzy aýtýar.

  1. Aktiw boluň, pensiýa çykmaň.
  2. Hiç zatda howlukmaň, durmuşy ýuwaş ,ýagny howlukman ýaşaň.
  3. Doýýançaňyz iýmäň
  4. Daş töweregiňizdäki adamlar bilen gowy dost boluň.
  5. Günlük maşyklary ýerine ýetiriň, figura saklaň.
  6. Ýylgyryň we daş-töweregňizdäki adamlary tanaň.
  7. Tebigat bilen täzeden baglaryňyzy güýçlendiriň.
  8. Günüň dowamynda sizi begendirýän zatlara şükür ediň.
  9. Her pusadyňyzy ýaşaň.
  10. Ikigaiňazy yzarlaň, ýagny dowam etdiriň.

 

Siz hem bu gün Ikigaiňazy tapmak üçin ilkinji ädimiňizi ädip bilersiňiz.  Geliň onda  Hector Garcianyň kitabynda ýazan 5 düzgünini günlik durmuşymyza girizeliň:

  1. Kiçi zatlardan başlaň: bu gün 10 minudyňyzy täze kitap okamak üçin aýryň
  2. Özüňizi bolşuňyz ýaly kabul ediň: aýna seredip öz kemçilikleriňizi görmek ýerine bugün özüňiz hakynda gowy görýän 3 zadyňyzy gaýtalaň
  3. Daş-töweregiňizdäki dünýä bilen bag guruň: Telefonyňyzy sumkaňyza taşlaň we ýarym sagat boýunça daş-töweregiňizi synlaň, barlygyny duýuň
  4. Ýönekeý zatlardan lezzet almanyny öwreniň: Bu gün sizi güldüren 3 zady bellik ediň.
  5. Her pursatyňyzdan lezzet alyň: Bir kafede içip oturan kofeňiziň tagamyny, oturan oturgyjyňyzyň gatylygyny , töweregiňizdäki adamalaryň sesini . howanyň yssylygyny, şemaly duýmanyny başaryň.                                                                                                              Siz hem bu gün Ikigaiňazy tapmak üçin ilkinji ädimiňizi ädip bilersiňiz.  Geliň onda  Hector Garcianyň kitabynda ýazan 5 düzgünini günlik durmuşymyza girizeliň:Kiçi zatlardan başlaň: bu gün 10 minudyňyzy täze kitap okamak üçin aýryňÖzüňizi bolşuňyz ýaly kabul ediň: aýna seredip öz kemçilikleriňizi görmek ýerine bugün özüňiz hakynda gowy görýän 3 zadyňyzy gaýtalaňDaş-töweregiňizdäki dünýä bilen bag guruň: Telefonyňyzy sumkaňyza taşlaň we ýarm sagat boýunça daş-töweregiňizi synlaň,  

Comment 1

  1. Anonim 29/09/2018

Leave a Reply