Has netijeli okamagyň ýollary…

Eger-de geljekde gowy ýerlerde işlemek, gowy hünäre, maddy taýdan rahat bir durmuşa eýe bolmak ýaly maksatlarymyz bar bolsa okamak, öwrenmek biziň üçin gaýry goýulmasyz bir mesele bolup durýar. Bu mesele aslynda biz entek çagalar bagynda wagtymyz başlaýar we biziň dünýä garaýşymyza görä belki ömrümiziň soňuna çenli dowam edýär. Ömrümiziň sonuna çenli diymegimiň sebäbi käbir kişiler orta mekdebi gutarmak bilen bilim almagyny tamamlasalar, ýene biri ylmy derejesini professorlyga çenli ýetirip durmuşynyň soňuna çenli ylmy barlag işleri bilen meşgullanyp bilýär. Ýagny okamak öwrenmek meseleleri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. okamagyň

Aslynda herkimiň öwrenmek ukyby biri birinden tapawutly. Muny okanyňdan, köp okadanyňda, öwredeniňde has anyk görmek bolyar. Mysal üçin bir okuwçy bir gezek düşündirilende, ýene biri bolsa üç gezek düşündirilende berilýän maglumaty kabul edýär. Emma käbirleriniň öwrenmekde çekýän kynçylygy alyş ukuby däl-de okaýyş usyly sebäpli bolup bilýär. Bu ýerde käbir çeşmelerden öwrenen maglumatlarymy we öz tejribelerimi siziň bilen paýlaşmak isleýärin.

Ilki bilen temany, öwrenmeli zatlarymyzy okamaga başlamazdan öňki we soňky ädimler diýip iki bölege aýyralyň.

Okamaga başlamazdan öňki ädimler

 

  • Ilki bilen sapaga taýynlanjak bolýan ýeriňizdäki siziň ünsüňizi bölüp biljek, telefon, planşet ýada ş.m zatlary aýyryň. Daş töweregiňiz mümkin boldugyça sada bolsun.
  • Okamaga başlamazdan ozal özüňize gerek bolup biljek depder kitap ruçka ýada suw, miwe ýaly  ähli zady eliňiziň ýetjek ýerine goýuň. Muny diýmegimiň sebäbi okap başlandan belli bir wagt geçenden soň içiňiz gysyp başlasa bir bahana tapyp şol wagt isleýän zadyňyzy almak üçin turmagyňyz ahmal. Bu bolsa gaýtalandygyça siziň ünsüňizi böler we wagtyňyzy ýitirer. Meniň özümde köplenç okap başlanymda birzatlar iýmek ýa-da kofe içmek islegi ýüze çykýar.
  • Eger okaýan wagtyňyz ýanyňyzda telefonyňyz bar bolsa onda ol okaýyşyň netijesi bolmaz ýa-da gaty pes bolar. Siz hernäçe men seredemok ýa-da ulanamok diýseňizem size gelen bir sms bütin ünsüňizi bölmäge ýetýär.
  • Haýsy günlerde haýsy sagatlarda okajagyňyz belli bolmaly. Munuň planyny başlamazdan öň herkim öz ýagdaýyna görä etmeli. Mysal üçin uniwersitete taýynlanýan biri synaga çenli galan wagtyny hasaplap temalary günlere bölüp planlap biler. Eger plan edilip karar alynmasa, beýin hergün haýsy wagtda okamalydygy barada pikirlenip ýadar we bu siziň höwesiňizi azaldyp biler we entek başlamankaňyz ýadap bilersiňiz. Emma plan edeniňizde haýsy minutda suw içmeli ýa-da haýsy minutda hajathana gitmeli diýen ýaly has ynjyk planlar etmäň. Sebäbi bir bölegi bozulsa keýpiňiz gaçar we yzyny dowam etdiresiňiz gelmez.
  • Hergün başlamazdan öň eder ýaly nähilidir bir kiçijek iş seçiň. Bu bäş gezek oturup turmak ýa-da belli bir eşigi geýmek ýaly ýönekeýje hereketler bolup biler. Munuň sebäbi eger siz dowamly şol hereketden ýa-da işden soň okamaga otursaňyz, indiki gezek şol işi edeňizde mundan soňky ädimiň okamak boljakdygy barada beýniňize signal gidýär we siziň beýniňiz okamaga öwrenmäge özüni taýynlaýar.

Okamaga başlamyzdan soňky ädimler

  1. Herkimiň kabul ediş ukyby dürli dürli bolşy ýaly oturup okan wagtymyz näçe wagtyň dowamynda biziň öwrenmäge açyk galyp bilýän wagtymyz hem tapawutlydyr. Mysal üçin, men 1 sagat ýerimden galman oturyp okan ähli zatlarymy doly kabul edip bilýärin emma 2 sagat otursam soňky maglumatlary kabul etmekde kynçylyk çekip ugraýaryn. Bu bolsa meniň üçin arakesmesiz okap biljek  ideal sagadymyň 1 sagatdygyny görkezýär. Bu wagtyň siziň üçin näçe sagat ýa-da minutdygyny bilmek üçin özüňize bellän wagtyňyzy ýuwaş-ýuwaşdan artdyryp ýa-da azaldyp anyklap bilersiňiz.  
  2. Okaýan zatlaryňyza 100% düşünmezligiňiz mümkin, bu siziň keýpiňizi gaçyrmasyn. Hiçkimem görenini ýuwudyp duranok, herkimem belli zähmetleriň netijesinde öwrenýär. Bu temada Richard Feýnmanyň usulyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Richard Feynmanyň aýtmagyna görä öwrenmegiň iň gowy ýoly 4 ädimden ybarat:

  1. Öwrenen zadyňyzy bilmeýän birine öwretmek (öwreder ýaly töweregiňizde adam ýok bolsa öz özüňize sesli ýagdaýda düşündirip bilersiňiz). Düşündirenizde iň sada dili ulanyň.
  2. Düşünmedik ýa-da düşündirmekde kynçylyk çeken ýerleriňizi anyklamak
  3. Täzeden anyklan ýerleriňizi okamak
  4. Hemme zady gowy siňdirýänçäňiz ýokarky 3 ädimi gaýtalamak
  5. Bellän bellikleriňizi owadanlamak, depderiňiziň daşyny bezemek ýaly ownuk-uşak işler bilen meşgullanman esasy ünsüňizi öwrenmeli temaňyza gönükdiriň.
  6. Aňsat temalardan (soraglardan) başlap yuwaş-ýuwaş agyrlaşdyryň. Göni kyn soraglardan başlap çözüp bilmeseňiz, höwesiňiz gaçar.
  7. Bir günde oturyp 5 sagat okap goýmagyň ýerine her gün 1 sagat emma dowamly okaň. Bu öwrenmek we öwrenen zatlaryňyzy ýatda saklamak üçin has peýdaly.
  8. Näçe wagtyňyzy okamaga sarp etseňizem günüň belli wagtyny öz halaýan zadyňyzy etmäge aýyryň. Hepdäniň bir gününi bir ýerlere gitmek, aýlanmak, dost-ýarlar bilen wagt geçirmäge aýyryň.

Men näçe okasamam bolanok

Belki aramyzda bu soragy özüne soranlar bardyr. Bir zady okap öwrenjek wagtymyz iň köp edilýän ýalnyşlyklaryň biri ünsli we netijeli okamak ýerine köp okamagy peýdaly hasaplamak. Emma esasy zat köp okamak däl, netije almak. Has düşnükli bolmagy üçin bir hekaýany paýlaşmagy ýerlikli gördüm.

Iki sany odyn çapýan adamyň hersine meňzeş palta berýärler. Olaryň wezipesi öňündäki agaçlary kesmek. Bularyň biri bar güýji bilen durman işleýär, ikinjisi bolsa arasynda dynç alýar we paltasyny ýitileýär. We günüň soňunda eden işlerini deňeşdirýärler we arasynda dynç alyp paltasyny ýitiläp işlän odynçynyň has köp odyn çapandygyny görýärler.

Bu hekaýadaky çapyljak agaçlary öwrenmeli zatlarymyza, paltany bolsa ünsümize meňzedip bileris. Biz okap başlanymyzda ünsümiz ilkinji 25-30 minutlarda iň ýokary derejede bolsa-da soňa baka ýuwaş-ýuwaşdan peselip ugraýar. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly adamlayň ünsüniň dowamlylygy herkimde dürli dürli bolýar.

“Pomodoro” usuly

Netijeli okamak ýa-da işlemek üçin maslahat berilýän usullaryň biri “Pomodoro” usuly. Gysgaça bu usul her 25 minut okanymyzdan ýa-da işlänimizden soň 5 minut arakesme, her 2 sagatdan soň bolsa 30 minutlyk arakesme edip, ünsümizi böljek zatlardan 25 minutlap uzak durup netijeli işläp bilmek üçin niýetlenen.

Biziň netijeli öwrenmegimize päsgel berýän zatlaryň ýene biri bolsa, bir wagtda birnäçe işi etjek bolmakdyr. Işleriň hemmesini edeýin diýip hiçisini doly gutaryp bilmedik ýagdaýlarymyz az bolmaýar. Hemmesini etmeli bolup bilers, emma bu ýagdaýda iň wajybyndan başlap ýeke-ýekeden yzygiderli ýagdaýda meşgul bolmak has peýdaly bolsa gerek.

Okamaga höwesim ýok

Jon Butcher şeýle diýýär: “Hiç bir üstünligiň gysga ýoluny (shortcut) bilemok”. Eger bir üstünlik isleýän bolsaňyz munuň üçin der dökmeli, wagt harjamaly, zähmet çekmeli. Yok eger halyňyza kaýyl adaty adam bolup ömrüňizi geçirmäge razy bolsaňyz onda hiç bir güýç sizi okamaga-da, işlemäge-de, öwrenmäge-de zorlap bilmez.

Durmuşda gazanyp biljek üstünlikleriňize tarap ädim ätmek üçin içiňizde höwes döremegine garaşýan bolsaňyz ömrüňizi oňa garaşmak bilen geçirmeli bolup bilersiňiz sebäbi bu hiç haçan döremänem biler. Üstünlikli adamlaryň hiç biri höwese, ylhama garaşman işe başlady we wagtyň geçmegi bilen höwesiň we ylhamyň özi olara geldi.

Netijede durmuş biziň durmuşymyz we okamak, özgermek, kämilleşmek bize bagly. Dünýä gün geçdigiçe özgerýär. Döwürden yza galman, yagty bir gelejege eýe bolmak isleýän bolsak ähli bahanalary bir gapdala goýup bugün zähmet çekmeli, bugün okamaly, döretmeli, kämilleşmeli.     

Ünsiňizi çekip biler: Has gowy  öwrenmek üçin S.O.D.G.A usuly

Leave a Reply