Has gowy  öwrenmek üçin S.O.D.G.A usuly

Biz islesekde islemesekde gündelik durmuşda hemişe bir zatlar öwrenyäris,beýnimiz durman işleyär. Sebäbi adamyň beýni bir zatlar öwrenmek bilen iýmitlenyär. Beýnimizi durduryp bilmek asla mümkin däl, ol mydama bir zatlar öwrenmeli. “Beýnim, kelläm bu zatlar kabul edenok, düşünip bilemok”- diýip günäkärläp bilmeýäris.
Bu gün size beýnimizi ösdürmek we has gowy öwrenip bilmek üçin S.O.D.G.A. usuly ( metody ) hakynda gürrüň bermekçi.

1 ädim. Söý – söýmek. Ähli zat söýmek bilen başlaýar.  “Eger söýýän, halaýan işiňi edýän bolsaň ömür boýy işlemersiň” – diýişleri ýaly, kim aýdan hem bolsa dogry aýdypdyr. Şonuň üçin başdan söýýän kärimizi seçmek ya-da elimizdäki kärimizi söýmänini başarmaly.

2.ädim. Oka – okamak. “ Talantmy ýada köp işelemek ( taýýarlanmak ) esasy? “ diýip soralsa – okamak esasy! Size bir hekaýa gürrüň bereýin.

Bir wagtlar bir küşt oýunçysy bar eken. Adynada Bubby diýeli. Bubby talantly oglan eken yöne beýle-de geň galdyryjy däl eken. 12 ýaşyna gelende birden gözden ýitipdir.Geçirilýän ýaryşlarda, oýunlarda ýokdy. 13 ýaşynda küşt ýaryşlaryna gatnaşyp Amerikanyň iň meşhur, ökde küşt oýunçysy bolupdyr. Howwa gürrüň edýän küşt oýunçymyz Bobby Fischer. Herkimi Bobby Fischerdiň 1 ýyl boýunça näme edenini gyzyklandyrýar.  Howwa Bobby Fischer okapdyr. Hem-de 1800-nji ýyllardaky tapyp bilen ähli küşt kitaplaryny okapdyr. Öňki küştçileriň ähli oýunlaryny öwrenipdir. Bobby Fischeriň garşydaşlary onuň göçüşlerini görüp gaty haýran galypdyrlar. Bobby Fischer diňe öz dilindäki iňlis kitaplaryny okamak bilen çäklenmän, eýsem rus dilindäki kitaplary hem okapdyr we munuň üçin rus dilini hem öwrenipdir. Sebäbi 1800-nji ýyllardaky iň meşhur, ökde 20 küşt oyunçysy ruslardy. Jemläp aýtsak Bobby Fischer diňe küşt kitaplaryny okaman , iň gowy küşt kitaplaryny okapdyr.

Bu ädimiň esasy maksady ölýänçäň okamak, iň gowysyny okamak.

3. ädim . Deňe – ýerine ýetir – Amal et! “just do it”. Howa söýdük okadyk indi näme ýerine ýetirmek galýar. Kyn bolsada deňäp deňäp ýerine ýetir.Bir zady deňemän hiç zat edip bilmersiňiz. Suwa girmän ýüzmänini öwrenip bilmersiňiz. Şonuň üçin amal et, ýerine ýetir “just do it”. Biz bir zady diňe gaýta gaýta deňäp öwrenip bileris. Edil Edisonyň çyrany tapyşy ýaly , 999 gezek deňäp, synanşyp 1000-nji gezekde tapýar. 9 gezek deňeseň 10-njyda hökman başararsyň! Taryhda, häzirki döwürde uly işleri başaranlar ( Edison, Steýe Jobs, Mark Zuckerbur….) bizler ýaly adamlar. Olaryň ýekeje aýratyn tarapy – deňäpdirler , deňeýärler ( 10 gezek, 100 gezek, 1000 gezek). Muny çaga wagtymyz ählimiz etdik, 1 ýyllap emedekledik, turdyk, ýykyldyk. Soňynda ýöremänini başardyk.

Roman ýazasyň gelyämi onda kiçi hekaýalary ýazmakdan başla, Hemingway ýaly. Hemingway hiç wagt roman ýazaryn öýtmändir. Ýöne kiçi hekaýalary uly romanlara öwrülipdir. Rejisýor bolasyň gelýämi , onda gysga filmlary düşürip başla, Spielberg ýaly.

Hemingway

Bu ädimiň esasy maksady bir zadyň manysyna düşünmek üçin ony diňe deňäp , edip görmeli.

4. ädim. Gaýtala – tiz tiz gaýtala. Başdaky 3 ädimi ýerine ýetirenimizden soň bulary diňe gaýatalamak galýar.

Meşhur basketbolçy  Michael Jordany tanaýan bolsaňyz gerek. Ondan iň gowy basketbolçy bolmagyň syry soralanda şeýle jogap berýär – “Amal etmek, her hereketi köp gezek gaýtalamak”.

Köp gaýatalamagy diňe sportda däl, ähli zatlarda ulanyp  bilerisiňiz.  Dil öwrenmek isleýäsmi şol bir sözleri köp gezek gaýtala! Alyp baryjy bolasyň gelýämi köp gezek gürlemänini deňäp gör. Maksadyňyz näme bolsa bolsun, şol maksadyňyza ýetmek üçin gerekli zatlary her gün gaýtalamaly.

Bu ädimiň esasy maksady her gün gaýtalap “XXXX” belgisinden zynjyry emele getir we ol ZYNJYRY bozma!

5.ädim. Analiz et – analiz etmek. Bu öz eden işlerimizi gözden geçirmek, analiz etmek. Yagny, okaýas- bir zatlar öwrenip bilyärsmi? Yada has köp okamalymy? Başga çeşmelerden okamalymy? Amallaryň, deňemeleriň saňa kömek edýärmi?

Eger bizing söýmegimiz, okamagyzmyz, deňemegimiz, gaýatalamagymyz ýalňyş bir maksat üçin ýada yalňyş ýerde edýän bolsak , onda munuň hiç zada peýdasy bolmaz. Şonuň üçin özüňi analiz etmänini öwrenmeli!

Bu ädimiň esasy maksady öz özüňi analiz etmek.

Hormatly okaýjylar elebetde öwrenmegiň birnäçä usullary, ýollary bardyr. Men hem Siz  bilen öz bilýän we öz şahsy durmuşymda etmänä çalyşýan S.O.D.G.A. usuly, metody sizler bilen paýlaşmak isledim.  Eger-de Siziňem başga bilýän usullaryňyz, metodlaryňyz bar bolsa aşakda, teswirlerde meniň bilen paýlaşyp bilersiňiz.

 

Comments 5

  1. turkemngirl 13/04/2018
  2. Myrat 13/04/2018
  3. Gülöwser 13/04/2018
  4. Ayse 15/04/2018
  5. Anonim 20/04/2018

Leave a Reply