Gyş aýlarynda nämeler edip bileris…

Gyş aýlary diýlende köplenç aklyma öýüň içinde peç ýakyp, doganlarym bilen bileje ýylanyp, ejemiň getirjek çorbasyna sabyrsyzlyk bilen  garaşyşymyz ýadyma düşýär.

Özüme gyş aýlary üçin kiçiräk  plan etdim we bu plany sizler bilen hem paýlaşmak isleýän, belki siz üçin hem peýdaly bolar diýip umyt edýän…

1. Ted söhbetlerini diňläň.

Ted söhbetlerinde özüňizi kämilleşdirjek gowy söhbetleri tapyp bileriňiz. Olar size durmuşda öz ýoluňyzy tapmaga ýardam eder. Günde 1 sany Ted söhbetlerini diňlemäge çalyşyň.

2. Sungat bilen meşgullanyň.

Hakykatdanam sungat ynsany özgertýär, öz dünýäsine alyp gidýär. Sungat bilen meşgullananyňda nähili rahatlaýanyňy duyyaň.

 Eger çagalaryňyz bar bolsa olara pionino çalmagy öwredip bilersiňiz. Sebäbi pionino çalmak hem sungatdyr, medeniýetdir. Talyp döwrüm medisinada okasamam synpymyzda pionino çalyp bilmeýän diňe mendim we çagam bolsa hökman pionino çalmagy öwretjek diýipdim.

3. Şahmat  öwreniň, oýnaň.

Şahmat beýiňiziň işlemegine, pikirlenmesine, ölen öýjükleriň täzenlemesine gaty  uly ýardam edýär.  Öýüňize şahmat alyň we agşamlary maşgalaňyz we çagalaryňyz bilen oýnaň!

Kiçikäm atam bilen köp oýnardym. Her gün mekdepden sabysyzlyk bilen gelerdim. Atamy ýeňmäge çalyşardym. Şeýlelik bilen mekdepde şahmatda 1-jiigi alardym.

4. Teatra  gidiň.

Maşgalaňyz bilen , çagalaryňyz bilen tiýatra gidiň.  Her güniňizi öýde geçirmek ýerine size üýgeşiklik bolar. Maşgalaňyz bilen daşarda birlikde wagt geçirmek araňyzdaky  gatnaşyklary, söýgüňizi güýçlendirer.

5. Dost-ýarlaryňyz bilen duşuşyň, olar bilen wagt geçiriň.

“Ýokla olar bilen näme üçin duşaýyn” diýip bilerersiňiz, ýöne olar bilen wagt geçireniňizden soň olary hakykatdan hem küýsändiňizi duýýaňyz. Ýaponiýada iň bagtly we uzyn ýaşaýan halky  bilen geçirilen barlagda olaryň dost-ýarlary bilen köp  wagt geçirýändiklerini belläp geçýärler.

6. Öýüňizdäki döwük zatlary bejeriň.

Döwük zady bejermek adamyň hem kellesiniň hem elleriniň işlemesine ýardam edýär we ony bejermekden uly lezzet alýar.

7. Instagram üçin ýaşamagy goý.

Käwagt oýlanýan,  şu wagt köp kişiniň 2 durmuşy bar diýýän. Biri ýaşaýan durmuşy, beýlekisäm instagram durmuşy. Biz bu ýaşaýan durmuşymyzy instagram üçin ulanýarys. Instagramda ýaşaýan ýaşlarymyzy görüp gynanýan. Instagramdakylar seni alkyşlamasyn, sen özüňi alkyşla. Instagram bizi dälde , bizi instagramy ulanaly.  Ýagny diňe peýdaly, bizi kämilleşdirjek  zatlar üçin ulanmaga çalyşalyň.

8. Täze bir dil öwren ýa-da Udemy –  den photoshop, graffik dizaýn, prilojeniýa ýazmagy…öwren

Öňki prezidentimiz Saparmyrat Niýazowyň aýdan bir sözi bar “ Her bir türkmen suwara 3 dil bilmelidir: öz ene dilimiz türkmen dilini, rus dilini we iňlis dilini”. Howwa, her bir türkmen häzirki döwürde özüni kämilleşdirmek isleýän bolsa rus ýada iňlis dilini öwremeli. Sebäbi maglumatlar, kitaplar iň köp iňlis dilinde we rus dilinde tapdyrýar. Ýok olary öwrenmek kyn gelýär diýseňiz onda türk dilini öwreniň. Türk dili gurluşy boýunça türkmen diline gaty ýakyn bir dil, öwrenmek size kyn düşmez.

Udemy gaty gowy internet sahypalaryň biri. Bärde siz özüňizi kämilleşdirjek köp zat tapyp bilersiňiz: dil öwrenmek, prilojeniýa ýazmak, photoshop, grafik dizaýny….bahasam gymmat däl. 1 sapagy 5 dol töweregi.

9. Tort görnüşlerini bişirmegi öwreniň

Meň özümiň iň rahatlaýan ýerim aşhana bolsa gerek. Käwagtam bolsa öýüňizdäkileri üýtgeşik naharlaryňyz we süýjilikleriňiz bilen begendiriň. Sebäbi herkimiň ýüregine gidýän ýol aşgazandan geçýär.

2 ak  zatdan  uzak durmaga çalyşyň: şeker we duzdan. Uzak durup bilmesegem ulanýan mukadaryňyzy  azaldyň.

10. Sadalaşyň

Muňa başgaça “minimalizm” hem diýilýär. Ähli zadyňyzy azaldyň.

Meselem maksatlaryňyz 2 den köp bolmasyn. Sebäbi biz onam etjek, munam etjek diýip iň soňunda hiz zady başarman galýas.

Meselem öý goşlarymyzyň sany 100 den geçmesin. Eger öýüňize bir goş, bir zat almaly bolsaňyz, öýüňizden başga bir zady azaldyň. Biz ony taşlamaýyn ulanaryn, muny taşlamaýyn beýderin diýip öýümize köp zat ýygnaýas, wagt geçýär hiçisinäm ulanmaýas.

Adam öýüne  täze goş alsa ýa-da täze  eşik alsa özüni bagtly duýýar, ýöne bu bagt täze zatlara öwrenşýänçäk dowam edýär, olara öwrenşdimi ýene özüni begendirmek üçin, bagtly duýmak üçin ýene täze zatlaryň gözleginde bolýar

11. Puzzl düzüň

Ýan-ýoldaşyňyz bilen puzzl düzüň. Birlikde bir zatlar etmek araňyzdaky söýgi baglaryny güýçlendirjekdir, gürleşip araňyzdaky problemalaryňyzy çözmäge ýardam etjekdir.

Düzen puzzylyňyzy öýüňiziň bir ýerinden asyp bilersiňiz, indiki ýyl “Hää  muny bile edipdik” diýmek üçin size  ýatlama bolar.

12. Täze adamlar bilen tanyşyň .

Günümiziň wajyp temalardan bir Network- ýagny täze adamlar bilen tanyşmak, dost-ýarlamyzy köpeltmek. Networkymyz näçe giň bolsa şonçada durmuşdaky mümkinçiliklerimiz köp bolýar.

Ýok men onuň bilen gatnaşjak däl – diymäň, sebäbi bir gün sen onuň kömegine , ýa-da ol seniň kömegiňe mätäç bolup biler.

Ünsüňizi çekip biler:  Dogan doganyň zary…

Leave a Reply