Gygyrmaýan ene

Çagalyk döwrümize seretsek urman, sögülmän ulalanymyz az bolsa gerek. Sebäbi köp ene-ata çaga bir zadyň yalňyşdygyny sabyr bilen düşündirmek ýerine gygyrmanyny ( sökmänini ) ya-da urmak bilen çaga jeza bermänini saýlaýarlar. Elbette ene-atalarymyzyň erbet niýeti ýok. Maksatlary bizi dogry ýola getirmek, dogryny öwretmek. Yöne asyl yalňyş bu yagşy niýetini durmuşa geçirende ulandyklary metodyň dogry yada yalňyşdygyny bilmeýändikleri. Her ene-ata öz ene-atasy ýaly bolmaga dyrjaşýalar we käbir ýerlerde bu sebäpden yalňyşýalar. Köp ene-ata öz hossarlaryndan görenini etjek bolýarlar we çaga terbiýesinde sabyr bilen düşündirmek ýerine gygyrmanyny , urmanyny saýlaýarlar.

      Biz zadyň uzyn wagtlap edilip gelmesi onuň dogry usuldygy manysyna gelmeýär. Bu maňa Elizabeth Pantleýiň hekaýasyny ýatladýar.

Ejesi aşhanada börek bişirýär, gyzy bolsa muny ähli ünsi bilen synlaýar. Gyzy bilesegeljilik bilen soraýar: “Eje näme üçin hamyry padnosa goýmazdan öň 2 barmak kesýäň?                                                                                                                                          Ejesi, ” Bilmedim, ejem şeýle ederdi’                                                                                     Gyz enesine jaň edýär we şol soragy soraýar: “Ene, näme üçin hamyry padnosa goýmazdan öň 2 barmak kesýäň?                                                                                         Enesi hem şol jogaby berýär “Ejem şeýle ederdi”                                                                Gyz uly enesinden hamyry padnosa goýmazdan name üçin gyralaryny 2 barmak kesýändiklerini soraýar.                                                                                                              Uly enesi : ” Sebäbi padnosuma şol ölçegde sygýardy”

      Çagalarymyzy bize öwredilenlere görä dälde, ýaşadyklary öwrüň hakykatlary bilen terbiýelemeli. Ene-ata bolmak “ Çagany dünýä getirmekden “ has köp zat talap edýändigini bilip, dogry ýoly seçip almak üçin dyrjaşmaly.

           Biz ene-atalaryň ýene bir uly ýalňyşy perzendimiziň kiçi wagty eden yaramaz hereketleriniň ulalanda-da dowam etjegine, köpeljegine ynanmagymyzdyr, “Häzirden böwet bolmasam soň ýoldan çykar “diýmegimizdir. Aslynda ynsan ulaldykça akyllanýar, kämilleşýär, tejribe gazanýar.

              7 ýaşyndaky bir çaga ejesinden birzat islände, 2 ýaşyndaky çaga ýaly aglap, gygyryp islemeýär. 10 ýaşyndaky bir çaga, 5 ýaşyndaky birçagadan tapawutly bolup, öz miwe suwuny özi sykyp bilýär, yanynada tost taýynlap iýip bilýär, sebäbi indi çagamyz ol işleriň üstesinden gelýär.

         Irki çagalyk döwrüne degişli bolan “çagalyk” herketleri – gaharlanma, aglama, birilerini dişlemek, çagamyzyň nähili özüni alyp barmalydygyny bilmeýändgi üçin  edýäler we çagamyz öz pikirini aýtmanyny, problemalaryny dogry ýol bilen çözmänini öwrendikçe – ýagny ulaldykça – azalýar.

         Aslynda , dumuşda bir kärä eýe bolmak üçin okuwlara gidýäs. Maşyn sürmek üçin sürüji şahadatnamasyny alýas, tort we konditer önümlerini bişirmek üçin kurslara gidip sertifikat alýas. Ýöne şu durmuşdaky iň wajyp kärleriň biri  “enelik” bolsada bu ugurda okamanyny, öwrenmänini kyn görýäs. Eýsem günümizde maglumat tapmak, bilýän adamlardan peýdalanmak, okamak, gözleg etmek gaty aňsat.  Birnäçe spesialistleriň ýazan kitaplary, berýän kurslary, çap edilen makalalry bar. Esasy zat bu ýolda gaýrat etmek, dyrjaşmak.

Leave a Reply