http://kamillik.com/sitemap.xml

MAKSADA OKGYNLYK

    Seinfeld kim diýip sorasam belkide bu adamy tanamaýan ýokdyr. Seinfeld bu amerikan wäşisi bolup ol öz işiniň ussatlygy, başarnygy bilen tanalýar. Jerry Seinfeld bilen geçirilen söhbetdeşliklerde bu wäşiliginiň syrlary barada soralýar – “ Gowy wäşi bolmagyň ýoly her gün has gowy gülkünç sahnalary görkezip bilmek we her gün has gowy gülkünç sahnalary yazyp bilmekdir “ – diýip belleýär we muny günlük durmuşynda işleýän otagynyň diwarynda uly kalendar asyp, gülkünç sahnalary ýazan her gününi X- belgisi bilen çyzyp başlapdyr. Şeýlelikde her gün X-belgisini çyzyp bu wagtyň geçmegi bilen uzyn bir ‘ZYNJYRA’ (-XXXXX-) öwrülipdir. Şeýlelik bilen Steinfeldiň esasy maksady bu zynjyry üzmezlik bolupdyr

Biz hem Jerry Seinfeldiň ulanan ‘ZYNJYR’ metodyny durmuş maksatlarymyzy amala aşyrmak üçin ulanyp bileris. Bu maksadymyz:

  • kitap okamak ( mes. Günlük 10 sah)
  • makala ýazmak ( mes. 1 paragraf yada 1 sa.)
  • hergün sport bilen meşgullanmak
  • hergün 30 min. yöremek
  • ir turmak
  • ekzamindan gowy baha almak üçin günde 1 temany okap gutarmak
  • yada  erbet endiklerden uzak dumak   ( kola az içmek yada içmemezlik, çilimi goymak, alkol içgilerden uzak durmak)

yaly başgada özüňize görä maksatlar-planlar goyup bilersiňiz.  Elbetde goyyan maksatlarymyz bu biziň başlangyçda edip biljek derejämizde bolmaly. Mysal üçin, gündelik 10 sahypa kitap okap bilyän bolsak,  başlangyçda 50 sahypa etmeli dal, kiçi ädimler bilen başlap soňy bilen planlarymyzy ulaldyp bileris. Barde esasy zat ‘ZYNJYRYMYZY’ bozmazlyk.

Bellän maksatlarymyzy dowamly edip bilmegimiz bu biziň ruhumyzy göterýär, başgada edip biljek işlerimiziň öňüni açýar we adamyň beýni  ol zynjyry bozmajak bolup dyrjaşýar.

Isleseňiz geliň hemmämiz  bir umumy maksat belläliň. Muňa günlik kitap okamak bilen başlap bileris. Meselem muny günlik 5 sahypa edip belläp bileris. Belkide bu günlik üçin az yaly görünip biler yöne başlangyç üçin gowy bir sanmyka diyyän. Günde 5 sahypa kitap okap  zynjyrymyzy bozman yzygiderligini dowam edeliň.

Adam dowamly kitap okasa onuň düşünjesi giňeyär we aňy –pikiri  özgerýär we biz muny uzyn wagtlap yzygiderligini dowam etdirsek bu biziň günlük durmuşumyzyň bir bölegi halyna gelýär.

Durmuşa serdenimizde başarnykly adamlaryň hemmesiniň (90%) – özleriniň bir maksat bilen we muny dowamly etmek bilen ýetendiklerini aýtyarlar.

Size bu yerde bir kalendar teklip edýän. Bu kalendarda kitap okan günimize X- belgisini goýup belläliň we ZYNJYRY bozmamak üçin dyrjaşalyň. Eger-de hepdelik planlar etseňiz hem hepdelik zynjyry emele getirip bilersiňiz we maksatlaryňyzy, zynjyrlaryňyzy meniň bilen paylaşyp bilersiňiz.

“ Ömrümde 2 gün kitap okamadym: öýlenen günüm we kakamyň yogalan güni” Ibn Rüşd.

Yüklemek üçin bas!

Zynjyry-Bozma.pdf (22 indirme)

Comments 11

  1. Myrat 08/04/2018
    • guljan 09/04/2018
  2. Gülöwser 13/04/2018
  3. Gülöwser 13/04/2018
  4. Anonim 13/04/2018
  5. Gülöwser 13/04/2018
  6. Anonim 13/04/2018
  7. Merjen 15/04/2018
  8. Anonim 15/04/2018
  9. M.B/13 21/04/2018
  10. M.B/13 21/04/2018

Leave a Reply