Fewral aýynda dogulmak bagtmy?

Täze 2018-2019 njy okuw ýyly hem bosagada. Her kim okuwa başlamak üçin taýýarlyk görýäler.  1-nji klasa gadam basýan okuwçylar öz saglyk ýagdaýlaryny bilmek üçin saglyk öýlerinde barlagdan geçýäler. Men hem barlag geçirýän lukmanlaryň biri bolamsoň käbir zatlar ünsimi çekdi.

Köp ene-ata çagasyny mekdebe ýaşyndan ir başlatdyrjak bolýalar, ýagny çagasy 5 ýaşynda bolsa 6 ýaşyndakylar bilen bile ugratjak bolýalar. Munuň sebäbinäm özünden 1 ýaş uly dogany bilen başlajakdygyny yada daş töwerekdäki joralarynyň, dostlarynyň mekdebe başlaýandyklary bilen düşündirýäler.

Aslynda bu gaty ýalňyş. Sebäbi kiçi ýaşdaky çagalarda bu ýaş tapawudy uly täsir  edýär. Bu kiçi tapawutlaram durmuşdaky uly tapawutlara sebäp bolýar. Ýaş çagalar zehin we fiziki taýdan çalt ösýändikleri sebäpli olaryň arasyndaky  1-2 aý tapawut hem çaganyň başarjaňlygynda uly rol oýnaýar.  Meselem 2018-nji ýylda 1 sentýabrda okuwa başlajak çagalar 2012-nji ýylda dogulan çagalar. 2012 nji ýylyň ýanwar, fewral, mart aýlarynda dogulan çagalar 2012-nji ýylyň sentýabr, noýabr , dekabr aýlarynda dogulanlara görä 6 aý , 7 aý hatda 1 ýyl yaş tapawudy bilen okuwa başlaýarlar. Bu kiçi ýaş tapawut sapaklarda özüni tapawutlandyrmaga ýardam edýär we mugallaymyň ünsini çekip bilýär. Bu çagalardaky kiçi ýaş tapawudy durmuşymyzdaky uly tapawudlara sebäp bolup durmuşyzymyzy özgerdip bilýär

Şol sebäpden  çagamyzy mekdebe asla yaşyndan öň ugratmaň. Geçirilen barlaglarda çaganyň aklynyň, zehininiň 10  ýaşynda deňleşýändiklerini belleýäler. We ýylyň başynda dogulanlar diňe bilimde däl eýsem sportdada özleriniň başarjaňlygy bilen tapawutlanýalar. Sebäbi olar öz deň-duşlaryna görä 6 aý-1 ýyl köp tejribe eden bolýa yada 6 aý -1 ýyl akly bilen beýleki çagalardan  başarjaňlygy bilen tapawutlanyp bilýäler we mugallymyň dykgatyny özüne çekip bilýär. Bu başarjaňlyk özlerinine bolan ynamy döredýär. Bu ynam bolsa has uly ýollaryň açylmagyna sebäp bolýar.

Egerde çagamyz mekdebe  1 ýyl ir başlasa sapaklarynda başarjaňlyk görkezmän bilýär. Bu onuň aklynyň pesligi dälde zehiniň, beýniniň entek doly kemala gelmänligi sebäplidir. Çagalarymyz mekdebe 6 aý yada 1 ýyl giç başlasyn yöne  ir başlamasyn.

Aşakdaky tablisada 2007-ýylda dünýä hokkeý çempionaty bolan Çehiýanyp toparyna  göz atalayň.

No.OýunçyDoglan ýyly Ýeri
1David Kveton3-nji ýanwar 1988Forvet
2Jiri Suchy3-nji ýanwar 1988Defans
3Micheal Kolarz12 ýanwar 1987Defans
4Jakub Vojta8 fewral 1987Defans
5Jakub Kindl10 fewral 1987Defans
6Micheal frolic17 fewral 1987Forvet
7Martin Hanzal20 fewral 1987Forvet
8Tomas Svoboda24 fewral 1987Forvet
9Jakub Cerny5 mart 1987Forvet
10Tomas Kudelka10 mart 1987Defans
11Jaroslav Barton26 mart 1987Defans
12H.O.Pozivil22 aprel 1987Defans
13Daniel Rakos25 maý 1987Forvet
14David Kuchejda12 iýun 1987Forvet
15Vladimir Sobodka2 iýul 1987Forvet
16Jakub Kovar19 iýul 1988worotorist
17Lukas Vantuch20 iýul  1987Forvet
18Jakub Voracek15 awgust 1989Forvet
19Tomas Paspisil31 awgust 1987Forvet
20Ondrej Pavelec25 awgust 1987worotorist
21Tomas Kana29 noýabr 1987Forvet
22Michal Pepik31 dekabr 1988Forvet

Eger bu topardaky oyunçylary synlasak, olaryň 50% göterimi ýanwar, fewral, mart aýlarynda dogulan. Bu bolsa olaryň öz deň-duşlaryna görä sporta ir başlap, köp tejribe gazanyp, üstünlik görkezendiklerini aňladýar.

Steve Jobs: 24 fewral 1955ý. Dogulan

Elbetde çagalaryň hemmesi bu teoriýa deň geljek diýen many çykarylmaly däldir. Beýleki aýlarda dogulanlar hem başarjaňlyk görkezip bilýär. Bärde durmuşymyzdaky käbir zatlar gelejegimizde uly rol oýnap biljegine mysal getirmek isledim.

P.S. Ýokarda makalamyň adyny näme üçin  fewral aýyny yazdyň diýip sorasaňyz özüm fewral aýynda dogulan.

Leave a Reply