Erk we yradamyzy nädip güýçlendirmeli?

Herkim gününi belli birzatlar bilen meşgullanyp geçirýär. Kimisi hiç zada ýetişip bilemok diýip jowransa, ýene biri içiniň gysýandygyndan şikaýatkär.

Bu meseleleriň birinjisiniň çözgüdi wagty peýdaly ulanmagy öwrenmek bolsa ikinjisiniň çözgüdi maksatly, planly ýaşamak bolup biler. Emma bu ýagdaýyň ikisinde-de çözüwiň täsirli bolmagynda esasy roly oýnaýan zat biziň erk we yradamyzdyr. Käwagt hernäçe maksadymyz, planymyz ýerinde bolup etmeli zatlary belli bolup dursa-da hiçbirini etmän oturup sosiýal mediýada wagt geçirmek, kino ýa-da ýoutubedan wideo görmek ýaly bizi asyl maksatlarymyza ýetirmek bilen hiç hili baglanşygy bolmaýan zatlar bilen meşgullanyp bilýäris.

Munuň netijesinde bolsa “Men ýalta, hiçzady başaramok” ýa-da “Ünsümi jemläp bilemok” diýip özümizi günäkärleýäris we biz özümizi günäkärledigimizçe stresimiz artyp özümize bolan ynamymyzy, etjek işimiz üçin gerekli bolan motiwasiýamyzy ýitirýäris. Netijede ol işi dowamly gijikdirýäris. Bu ýagdaýa çözgüt tapmak üçin ilki bilen erk we yradamyzyň nähili ýagdaýda işleýändigini öwrenmek has peýdaly bolsa gerek.

Marşmallow tejribesi

Yrada bilen bagly geçirilen Marşmallow tejribesi iň köp bilinýän maglumatlardan biridir. Bu tejribede 4 ýaşly çagalara bir sany marşmallow süýjüsini berip gözegçi otagdan daşaryk çykýar we özüniň 20 minutdan geljekdigini we eger gelýänçä  şol beren süýjüsini iýmän saklanyp bilseler ýene bir süýji berjekdigini aýtýar. Bu tejribede her çagadan dürli dürli netije alynýar. Käbiri süýjini göni iýse beýleki biri ikinjini şuwagt getirip bile iýmegi teklip edýär, ýene biri bolsa soňuna çenli garaşýar we ikinji süýjinem alýar. Mundan soň hem köp ýyllap şol çagalaryň durmuşda özlerini nähili alyp barýandygyna seredýärler we berilen süýjini iýmän saklanyp ikinji süýjini alan çagalaryň durmuşda has başarjaň, maksada okgunly, we gowy wezipelere eýe bolandygyny görýärler.

Aslynda biz durmuşda-da şuňa meňzeş ýagdaýlara köp gabat gelýäris. Mysal üçin telewizor göresimiz gelýär emma aslynda etmeli başga wajyp işlerimiz bar. Etmeli zatlarymyzyň köpdügine garamazdan ýene oturup telewizor gören ýagdaýymyzda aslynda içimizdäki birahatlyk bilen doly lezzetini alypbilmeýäris, belki-de içimizden özümizi günäkärleýäris. Eger bu islegimizi gijikdirip onuň ýerine esasy etmeli işimizi edip soňundan telewizor görsek welin has arkaýyn we hezil bolýar. Diýmek erk (yrada) – lezzet almak islegimizi kanagatlandyrmagy gijikdirip bilmekdir. Aslynda biziň erk diýýän zadymyz bedenimizdäki muskullara meňzeýär. Ony işledip ulandygymyzça berkeýär, güýçlenýär. Şol sebäpli hem “Men özüme söz geçirip bilemok”, “Yradam gowşak” ýaly sözleri diýmek bilen aslynda özümizi aldaýarys.

Kelly mcGonial atly professoryň aýtmagyna görä bolsa biziň erkimiz edil zarýad bilen doldurulan batareýa meňzeýär. Irden turanymyzda doly we günüň soňuna çenli azalýar. Eger hakykatdan hem şeýle bolsa onda “plan kişi özüne erk edip bilýär, onuň yradasy güýçli emma men edip bilemok” diýmek manysyz bolýar.        

Aslynda bizdäki bu erk-yrada güýjüni azaldýan käbir sebäpler bar. Iň birinjisi seçip karar bermeli zatlaryň köplügi. Her gün geýjek eşigimiz, köwşümiz, iyjek naharymyz, etmeli işleriň haýsyny ilki etmeli, haçan etmeli we ş.m. soraglara dowamly ýagdaýda jogap tapyp durmaly bolýarys. Bu bolsa biziň yradamyzy ýadadýanlygy sebäpli has möhüm kararlara gezek galanda eýýäm telefonyň zarýadynyň azalyp gutarşy ýaly yrada güýjýmiz hem tükenýär. Şonuň üçin hem iň wajyp işi ilki etmek we günlük, hepdelik haýsy gün näme bilen meşgullanjakdygymyzy öňünden belli edip goýmak has peýadaly bolar.

Ýokarda agzanlarymyzy jemläp erk we yradamyzy güýçlendirmek üçin edip biljek zatlarymyzy şu aşakdaky görnüşde hatarlalyň:

  • Irden turan wagtymyz güne ilki bilen telefon oynamak, habarlar ýa-da smslere seretmek bilen däl-de beýnimizi ulanmagy talap edýän esasy işler bilen başlamak. Sebäbi eger beýnimiz güýçli wagty ol işleri etsek galan zatlary dynç almak üçinem ulanyp bileris. Muňa belki telefonumyzdan Facebook, Instagram ýaly iň köp wagtymyzy alýan programmalary aýyrmak bilen başlap bileris. Şeýlelikde telefonymyza her sms gelende däl-de öz islän wagtymyzda seredip bileris.
  • Ýeterlik uky. Ýeterlik ukydaky esasy zat “Gowy uky netijeli iş” atly makalamyzda-da belleýşimiz ýaly köp uklamak däl-de gowy uklamak, hergün şol birsagatda ýatmak we turmak. Uky bilen bagly meseleler kişiniň işine-de şahsy durmuşyna-da oňaýsyz täsir edýär. Köp wagt ukysyz gezen kişiniň ýalňyşlyk goýbermek ähtimallygy has artýar.
  • Beýnimize maşk etdirmek. Beýnimiziň öňki we yzky bölekleri karar bermek we yradamyzy ulanmak, ýalňyşlygy azaltmak ýaly meselelerde uly rol oýnaýar we beýinimiz hemişe aktiw ýagdaýda işleýär. Haçanda biz beýnimizi hiç zat barada pikirlenmezlige itersek onuň tebigatynyň tersine hereket edýändigimiz üçin kösençlige duçar bolýar. Bu bolsa edil gereginden agyr ýük göterip öwrenen we güýçlenen muskullar ýaly, beýni güýçlendirýär. Muny hergün 10 minut etmek bilen başlap bolar we mümkinçiligi bolanlar ýuwaş-ýuwaşdan artdyrp dowam edip biler.
  • Energiýaňyzy alýan gahar, nalynmak, gam-gussa ýaly erbet duýgulardan we hereketlerden uzaklaşmak, ýylgyrmak, gülmek, söýmek ýaly bize energiýa berýän duýgulary öňe çykarmak, öňe çykarjak ýagdaýlary döretmek. 

Durmuşda üstünlige ýetmek üçin maksat goýmak, plan etmek we herekete geçmek ýaly ädimler nähili möhüm bolsa, muny dowam etdirip bilmek üçin güýçli erk-yrada hem hökmany bolup durýar. Bir maksat goýup soňundan ýarym ýolda taşlamazlyk üçin esasy iki zada üns bermeli. Birinjisi, birden joşup soňundan bizi kösäp biljek uly maksat we planlar goýmazlyk, tersine az-azdan dowamly etmäge güýjümiziň ýetjek derejesindäki ädimleri planlaşdyrmak, ikinjisi bolsa başlandan soň belli sebäpler netijesinde planymyzyň bir bölegini sypdyranymyzda ony “boldy indi gutardy hemme zat” diýmän gaýtam öwezini dolup dowam etmekdir.

Üstünlik gazanan kişileriň uly maksatlar bilen ýola çykanlar däl-de ol ýolda dowamly ýöränlerdigini unutmalyň.

Leave a Reply