– Eje meni nireden aldyň?

Çagalar ene-atalarynyň toý suratlaryny görüp ýa-da käbir wideolary görüp: “Bu suratda men nirde?”; “Näme üçin men bu wideoda ýok?”; “Men bu dünýä nädip geldim?”; “Nädip doguldym?” … ýaly soraglar sorýarlar. Ene-atalaryň jogaby  bolsa: “Sen o wagt hassahanadadyň, seni şkafyň içinden tapdyk ,seni guşlar getirdi…” ya-da “Goýý..beýle sorag sorama “ ýaly jogaplar bilen sowaşdyrýarlar.

Meniňem kiçikäm bu soraglar  kellämde aýlanýardy: “Men nädip bu dünýä geldimkäm? Näme üçin käbir zenanlaryň garynlary ullakan?” Ejemiň berýän jogaplary göwnüme jaý bolanokdy, kakamam uzakda işleýänligi üçin islän wagtym sorap bilemokdym. eje

 Ýa-da başga birileriniň ýanynda “Meni hassahanadan getiripdirler, meni  guşlar getiripdirler”  diyseň üstüňden gülerdiler. Soň  iň gowusy men bu soragy soramaýynam, bilmäýinem diýip öz içimde  jogaplaryny tapmaga çalyşardym. eje

Elbetde adam ulaldykça köp zada göz ýetirýär, öwrenýär. Ýöne kiçi wagtdaky ruhy dünýäňdäki binjalyklar, jogaplanmadyk soraglar, üstüňden gülmeler seniň bilen bile ulalýar. Ruhy dünýäňe ser salsaň şol ýaralar duran bolýar.

Şol sebäplerden “Bular çagalaý, düşünmeýäläý” diýip geçmäň!

Çagalar hiç wagt başdan geçiren  gowy, erbet günleri, wakalary ýatdan çykarmaýarlar… belkide surat ýaly göz öňüne getirip bilmezler, ýöne ruhlarynda, beýinlerinde, ýüreklerinde kiçijegem bolsa yzy galýar.

Uly adamlaryň durmuşyndaky söýgüsizlik, umytsyzlyk, ynamsyzlyk, gereginden köp duýguçyl, näme etsede bagtsyz, adamlar bilen gatnaşyp bilmezlik, gaharjaňlyk…..bularyň ählisi bize çagalyk ýyllarymyzdan miras galan ene-atalarymyzň nädogry garaýyşlary esasynda emele gelýär.  Biz diňe çaga terbiýelämizok, biz olaryň geljeginiň, ertirki gününiň nähili boljagyny kesgitleýäs. Çagalarymyzyň ýüreklerine eken tohumlarymyz, geljekde olaryň häsiýetlerini kesgitleýän ullakan agaç bolup ýetişýär. Olaryň ýekeje mätäçligi bar – söýgi-mähir we sylag-hormatdyr.

Bu gün bolsa kämil ene-ata bolup bilmek wezipesi biziň elimizde. Her çaganyň soraýşy ýaly  meniň gyzymam soraýar “ Eje ..men bu suratda nirede, meni nirden aldyňyz?…”

Elbetde-de bu soragyň jogabyny köpden bäri pikirlenýädim, gyzym menden soranda nädip, dogry jogaby berip bilerin diýip.

Toý suratlarymyzy, gyzymyň bäbek suratlaryny aldym we şeýle gürrüňe başladym:

-Biz kakaň bilen köpden bäri biri-birimizi tanaýadyk, biri-birimizi gowy gördük we toý etdik. Bir öýde ýaşamaga başladyk. Soň biziňem çagamyzyň bolmagyny isledik. Gyzym! Ýere tohum ekseň, oňa suw berseň ulalýara…soň ullakan agaç bolýaar. Senem Allanyň maňa beren tohumydyň. Seni garnymda, gujagymda, ýüregimde ulaltmaga başladym. Nahar iýdim, süýt içdim, miwe iýdim …şeýdip seni garnymda iýmitlendirip, ulaldyp başladym.Soň sen bäbek bolduň. Soň garnymy kiçijik kesip, seni ol ýerden çykardylar…diýip gürrüň berdim

Mundan başgada çagalar  akla gelmejek soraglar sorap biler. Esasy zat muny çaga dogry dilde düşündirip, aklyndaky soraglaryna dogry  jogap berip bilmekdir.

Belkide ulularymyz “Bu çaga bu zatlary düşündirmek gerek däl, wagty gelse özi hemme zady öwrener” diymegäm mümkin. Elbetde adam wagty gelse hemme zadam öwrenýär, ýöne çaga üçin käbir zatlar giç bolýar.

-Wii meni ejem aldapdyr

-Maňa hakykaty aýtmandyrlar

-Meniň üstümden gülüpdirler…ýaly pikirler çaganyň aklyny binjalyk edip biler.

Çaganyň ony ýaradan Allanyň bardygyny bilip, ene-atasynyň ony islänligi üçin dünýä gelendigini bilip ulalmagy hem akyl taýdan sagdyn kämilleşmegine, hem kellesindäki soraglary dogry jogaplamagyna ýardam eder.

Elbetde bular meniň pikirlerim. Belkide siz başga usul bilen gürrüň beren bolmagyňyzam mümkin.  Nähili düşündirseňizem tapawudy ýok. Easy zat dogryny, hakykaty düşündirip bilmekdir. Hiç bir çagada özüni hasshanadan alnandygyny bilmek islemez. Sebäbi hasshana olar üçin gorkunç, ukollaryň edilýän ýeri. Çagaňyza siz ony isläp dünýä getirendigiňizi, onuň siz üçin möhümligini, gymmatlygyny düşündiriň.

Leave a Reply