Eger gaýratyň bar bolsa, durmuş gudratdan doly…

Düýn agşam öýe gaýdyp barýarkam taksa mündüm.

Gürleşip otyrys, şofýor menden soraýar:

-Siz nirede işleýärsiňiz?

-Men ylym bilen meşgullanýaryn.

-Haýsy uniwersitetde işleýärsiňiz? Meniň oglumam uniwersitetde okaýar, 1-nji kurs..

-Men Bilgi uniwersitetinde, ogluňyz haýsynda?

-Kakasynyň gözlerinden oglyna bolan buýsanjyny görüp bolýardy..               

-Bogaziçi Kompýuter Injenerlik bölümine girdi, özäm türkiýede 47-nji orny eýeledi. Hem-de ýönekeý orta mekdepde okaýardy.

Tüweleme diýýärin. Begenjini meniň bilen paýlaşmak isleýärdi. Menem geň galyp diňleýärin:

“ Meniň hiç hili goşandym, kömegim bolmady.

Men gije gündiz taksyçylyk edýärin.

Keýwany ugrukdyrdy, goltgy boldy oglumyza. Eýsem keýwany 3-nji klasda mekdebi taşlapdy.

Okamagy, ýazmagy gowy bilenok, ýöne özi internetden öwrenýär, makalalar okaýar.  Oglumyzada uly goldaw berýär.”

Mekdep başga zat, özüňi kämilleşdirmek başga, tüweleme ýanýoldaşyňyza, diýýärin. Gözlerimiň öňünde ejesiniň keşbi janlanýar, gözüme ýaş aýlanýar…

“ Men ömrüm ýetýänçe işlemäge dowam etjek, nesip bolsa. Oglumyň okuwy 4 ýyl.

Soň daşary ýurtda magistraturasy bar.

Birem Amerikada, Silikon diýip bir ýer barmyş. Keýwany şol ýerik ugratmak isleýär.

Olam şuwagt tämizlikçi işine girdi, pul jemleýäris.

5 ýylda nesip bolsa jemläris puly..”

Entegem täsirinden çykyp bilemok.

Eger gaýratyň bar bolsa, durmuş gudratdan doly…

Orta mekdebi okamadyk hem bolsaň.

Okamakdan zyýada: “Nämäni Nähili okaýanyň” gaty möhüm.

                           Bir mugallymyň gündeliginden.

Leave a Reply