Durmuşyňyzy üýgetjek bir güýç: 5 sagat kanuny

5 sagat kanuny Bir pudakda kämilleşip, durmuşyň başga penjirelerini açyp bilmek we öz maksadyňyza ýetip , özüňizi bagtly duýmak üçin “ 5 sagat kanunyny” amal edip bilerisňiz.

“5 sagat kanuny” Benjamin Franklin tarapyndan orta goýulýar. Franklin 10 ýaşynda mekdebi taşlap kakasynyň ýanynda şägirt bolup işe başlaýar. Franklin işlemänini gowy görýädi we bir tarapdanam kitap okamaga aşykdy, özüniň içindäki okamak hyjuwyny asla basdyryp bilenokdy. Şägirtlik bilen başlan kärine wagtyň geçmegi bilen döwlet işgäri, yazyjy, oýlap tapyjy bolup dowam etdi. Benjamin Franklin bu üstünliginiň syryny “5 sagat kanuny “ diýip belläp geçýär. Formulasy şeýle – günde bir sagady öwrenmäge aýyrmak , şeýlelik bilen hepdede 5 sagat öwrenmek bilen meşgul  bolmak. Dünýäde özleriniň başarjaňlyklary bilen tanalýan Elon Musk, Oprah Winfrey, Bill Gates, Warren Buffet we Mark Zuckerburg hem özleri bilen geçirilen söhbetdeşiklerinde  “5 sagat kanunyny” amal edýändiklerini belläp geçýäler.

Benjamin Frankliniň amal eden ýörelgesi şu şekildedi:

  • Okamak we ýazmak üçin ir turmak
  • Özüňi kämilleşdiriji maksatlar edinmek/maksat goýmak
  • Özüň ýaly pikirdeş adamlar bilen jemleşmek/ pikir alyşmak
  • Pikirleriňi amal etmek
  • Ertir we agşam netijelerini gözden geçirmek

5 sagat kanuny 3 ädimden ybarat

  1. Okamak
  2. Pikirlenmek
  3. Amal etmek/ ýerine ýetirmek
Okamak bilen başlaň!
Frankline görä 5 sagat kanunynyň esaslandyryjysy OKAMAK bolup durýar. Bu özümize wagt tapyp, bir zatlar öwrenmekdir. Muny elbetde diňe okamak bilen endik edinip bileris.  Häzirki döwürde okamagyň birnäçe ýoly bolsada KITAP okamak üçin iň modadan galmaýan ýollaryň biridir.
UNUTMAŇ! Bill Gates öz üstünligini ýylda 50 kitap okap ýetendigini aýtýar. Mark Zuckerburg bolsa 2 hepdede 1 kitap okaýandygyny aýtýar. Onda näme geliň bizem kitap okamaga başlalyň!
Pikirlenmek sizi güýçlendirjekdir!
Wagt geçdikçe has köpräk öwrenjek bolup dyrjaşyň. Öwrenen zatlaryňyz belli bir ýere gelensoň bu size azlyk etjekdir. Öwrenen zatlaryňyzyň siz üçin bir zat aňlatmasy we öwrenen temalaryňyza ýa-da başyňyzdan geçenlere uly bir perspektiw bilen seredip bilmek üçin  öwrenen zatlaryňyzyň üstünde pikirleniň! Gerek bolsa öwrenen okan zatlaryňyzy birine gürrüň beriň ýa-da gündelik tutyp , bir kagyza ýazmak siziň beýniňiziň mydama aktiw bolmasyna we täze pikirleriň döremegine  kömek etjekdir.
Amal ediň!
Ýylman, bes etmän bellän maksatlarymyza ýetmek üçin iň soňky ädim hem AMAL ETMEKDIR.  Unutmaň Edison hem çyrany(lampany) 999 gezek deňäp tapýar.  Deňän ýoluňyzyň şowsuz çykmagy bolsa – bu ýoluňyzyň ýalňyşdygyny size öwredýändir.

Leave a Reply