Dogan doganyň zary…

Döwür geçdikçe dünyä inýän bäbejikleriň sany azalýar. Hatda Ýewropada, ýagny Germaniýada ýaş nesliň azdygyny , ortalama ýaşyň 42 – digini belleýärler.

Bizin ene-babalarymyz alsak 8-10 çaga doguranlar. Eje-kakalarymuz 4-5 çaga doguranlar. Häzirki döwürde daş-töwregimize seretsek biz türkmenlerde her maşgalada ortaça 3 çaga duş gelýäs. Toý edýän yaş çatynjalar bolsa 1 ya-da 2 çaga pikirlenýändiklerini aýtýalar.

Birinji  çagamyzy ulaldanymyzda , bu biziň üçin uly ýük ýaly bolup biler. We Asla ikinji çaga dogurmakçy däl diýip bileris. Aslynda ikinji çagany ulaltmak birinji çagany ulaltmakdan has ýeňildir. Eger birinji çaga arkamyzda bir ýük bolsa ikinji çagamyz ol ýüki ýeňilletjekdir.  3-nji çaga bolsa ilki 2 çagadan hem ýeňildir.

1-nji çaga aşhana gitsek yzymyzda, daşaryk gitsek yzymyzda , nirä gitsek ýanymyzda. Ikinji çagaňyz dünýä gelende 1-nji çagaňyzyň oýun dosty boljakdyr we siziň yzyňyzdan ylgamasyny goýdurjakdyr. Ýogsam hemişe çagaňyz bilen oýnajak dostlaryny gözläp ýörmeli bolarsyňyz. Elbetde çagalar arasynda ýaş tapawudy hem göz öňünde tutulmalydyr.

Leave a Reply