Çagamyzy ene süýdinden nädip we haçan aýyrmaly!

Medisinada çagany 2 ýaşyna çenli emdirmäge maslahat berilýär. Sebäbi çagamyza gerek bolan ähli peýdaly iýmitler ene süýdinde jemlenendir. Hatda geçirilen barlaglarda Afrikadaky bir enäniň süýdi bilen Ýewropady bir enäniň süýdiniň düzümindäki maddalaryň deň derejededigini belläp geçýäler. Çagamyzy 2 ýaşyna çenli emdirmek çagamyzyň rahatlygy we ene gujagyndaky mähri, söýgüni duyup özüniň ynamdadygyny bilmesi üçin wajyp döwürleriň biridir.

Çagamyzy ene süýdinden kesmek üçin köpimiz kösenen bolsak gerek. Sebäbi çagany ene süýdinden kesmek üçin ýalňyş ýollary seçýäris ýa-da ýalňyş maslahatlary alýarys.  Bulardan käbirleri-  çagamyzdan 3-4 günligine aýra galmak, şeýlelik bilen çaga ejesini görmemesi we ene göwsüni unutmasy.. ýa-da ejelerimiziň göwsüni zelýonka ýa-da başga zatlar bilen boýap çagasyny gorkuzmaga çalyşmasy.

Bu ýollaryň gaty ýalňyşdygyny belläp geçesim gelýär.  Çagany ejeden uzak tutmak , bu çaga üçin uly bir trawmadyr – sebäbi çaga iň ýakyn adamyndan, yanam duýan, baglanan adamyndan aýra galýar. Elbetde eje üçinem aňsat däl çünki eje çagasyny emdirmese göwsündäki süýt jemlenip, gatap başga keseller ýol açyp bilýär.  Egerde eje göwsüni boýap çagasyny göwüs hapa boldy diýip gorkuzmaga çalyşsa – bu çagada alada döredýär. Sebäbi çaga üçin eziz bolan ene göwsi- oňa näme bolduka diýip alada galyp bilýar.

Onda nädip ene süýdinden aýrylmaly?

Eger çagamyzy ene süýdinden kesmäge niýet etsek, muny hökmany suratda çagamyza aýtmaly. Ýagny “ Balam, indi seni ene süýdinden aýyrýan, azaltmakçy” ýaly sözler bilen aýdyp bileris. 2 ýyl bäri emdirýän çagamyzy asla 1-2 günüň  içinde aýyrmaly däldiris. Bu 1 aýdan – 2 aýa çenli dowam edip biler.

Diýeli çagamyzy günüň dowamynda 4 gezek emdirýän bolsak muny 3 gezek düşürmeli. Şeýlelik bilen 1 hepde boýunça ya-da 2 hepde boýunça ( çagadan çaga üýtgäp bilýär) günüň dowamynda 3 gezek emdirmeli. Soňu bilen muny 2 gezege we 1 gezege düşürmeli. Hem şol bir wagtda çaga emmänini azaltdykça ene göwsündäki süýdüň mukdary hem azalyp başlaýar. Gündizleri emdirmänini goýamyzsoň   diňe gijelerine eger çaga emmek islese emdirmeli. Muny hem edil gündizki metod ýaly azaltmaly. Soňy  bilen gijelerine bir gün emdirip bir gün emdirmän yuwaş yuwaş doly ene süýdinden kesip bileris.

Leave a Reply