Çagalaryň nahara bolan islegini nädip döretmeli?

Howwa köp ene-atalar çagamyza nahar iýdirip bilemok ýa-da nahary saýlap iýýär, onam iýenok munam iýenok diýip käýinýär.

Medisinada çagany 5-6 aýlyga çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegimizi maslahat berýär. Hatda çaganyň goşmaça arassa suwada mätäçligi ýok diýilýär. Sebäbi ähli gerekli iýmitler ene süýdinde jemlenendir.   5-6 aýlykdan soň çagamyza goşmaça naharlar , püre görnüşinde berilip başlamaly.

Ilki başda çagamyza naharyň tagamyny alyp bilmesi üçin oňa ýardam ediň, ýagny naharyň tagamyny agzynda duýup bilsin, muny azajyk ýalatdyryp ýa-da dilini degirip gördürip bileris. Eger tagamy göwnüne ýarasa iýdirmäge dowam edip bilersiňiz, eger-de ýüz öwürse asla iýdirjek bolup zorlamaň. Her gün azajykdan çagaňyza nahary datdyryp tagamyny almana ýardam etseňiz çaga ýuwaş-ýuwaş agzyndaky tagamy  duýup başlar we nahara bolan islegi dörär.

Biz ene-atalar çagalarymyz bir näçe ýollar bilen nahar iýdirmäge çalyşýas. Ýagny

  • basym naharyňy gutar, agzyňy aç, iymeseň gaharym geler, iýäý ýogsam men gynanaryn, oýnuňy goý nahara gel, iýmeseň nahar yzyňdan aglar ýa-da çaga
  • Ine telewizor/telefon bol indi iýäý, naharyňy iyseň süyji alyp berjek,iýseň parka gideris, sen dökersiň men iýdireýin, sen iýmeseň jigiň iýer…..ýaly birnäçe sözler bilen çagany nahar mejbur edyäs.  Bu gaty ýalňyş. Sebäbi biz bärde çagalarymyzy gorkuzyp, alada goýup ýa-da olary bir zat teklip edip oňa garşylyk nahar iýmesini talap edýäs.  Goý çaga ajyksyn, ol ajyganlygy üçin nahar iýmelidigine düşünsin. çaga

Çagalaryňyzy asla nahar iymäge zorlamaň!

Sebäbi çagada nahara garşy negatiw duýgularyň oýanmagyna sebäp bolýar. Soň ýuwaş-yuwaş nahar iýmekden ýüz öwrüp başlaýarlar  ýa-da ony iýjek däl muny iýjek diýip nahar seçip başlaýarlar. Goý çagaňyz ajyksyn. Çaga ajyjksa elbetde nahara isleg bildirjekdir. Özi gelip size nahar isleýänini aýtjakdyr. çaga 

Çagany nahara iýmage mejbur etmek onuň biologiki nahar sagadyna täsir etjekdir.  Dok çaga nahara isleg bildirmez. Egerde çaga ertirlik naharynda  iýdirmäge  zorlasak çaga günortan naharyna çenli ajygyp ýetişmeýär we ene-atalar ýene çaga zordan nahar iýdirjek bolýarlar…bu gaty ýalňyş çünki çagada nahara garşy negatiw duygularyň emele gelmegine ýa-da çganyň nahary saýlap iýmegine sebäp bolýar. Asla çagaňyza nahara mejbur etmäň, günortan naharyň wagty gelende çagaňyz  eýýäm ajygyp nahara isleg bildirjekdir. 

Eger-de çagaňyz nahardan doýanlygyny size bildirse “ Ýok doýmadyň, ýene iý” diyip olary nahara zorlamaň . Bu diýmek “Sen hiç zada karar berip bilmeýäň. Men karar berýärin diýmekdir”. Goý çagaňyz karar bermänini öwrensin. Ony öz erkine goýuň.

Häzirki döwürde çagalarymyzy öňüne telefon ýa-da telewizor goýup nahar iýdirmäge çalyşýas. Bu bolsa çagalaryň doýup-doýmadygyny duýman , kontrolsyz iýmesine sebäp bolýar. Sebäbi çaganyň akly telewizorda ýa-da telefonda bolýar, doýup-doýmadygyny duýup bilmeýär. Çaganyň kontrolsyz nahar iýmesi bolsa semizlige ýol açýar.

Hormatly ene-atalar geliň çagalarymyzy naharlanymyzda azajyk ünsli bolalyň. Olary gynandyryp, bir zat teklip edip nahara mejbur etmäliň! Sebäbi iýmitlenmek her bir bedeniň mätäçligidir. Çaga nahar iýmän 3 sagat çydar , 5 sagat  çydar ýöne 10 sagat ýada 20 sagat çydap bilmez. Sebäbi sagdyn çaga sagdyn geljegimizdir diýmekdir.


Ünsüňizi çekip biler: Çagamyzy ene süýdinden nädip we haçan aýyrmaly?

Leave a Reply