Çagalara tuwalet düzgünlerini nädip öwretmeli?

Gynansagam köp maşgalalarda çaga 40 günlik bolansoň tuwalet düzgünleri öwredilmeli diýip aýdylýar. Bu gaty gynandyryjy . Sebäbi yaňy 40 günlük bolan  çagany tuwaletini etmesine mejbur etmek bu bir zorlukdyr. Elbetde çagaňyzy siz her sapar tuwaleti üçin tutanyňyzda ol täredini eder, öwrenerem. Yöne gynansagam bu çaganyň saglygyna we psihikasyna zyýan edýär.

Çaga 6 aýlyga çenli garşoga oturtmaklyk asla maslahat berilmeýär. Sebäbi çaganyň özi enetek 6 aýlykda oturmanyny öwrenip başlaýar we çaganyň muskulalary doly berkemýär. Çaga siz islän wagtyňyz dälde, onuň özi islän wagty täredini etmelidir. Sebäbi çaganyň siýdik haltasy elastik görnüşde we içinde täret jemlendikçe ulalýar. Eger ene-atalar cagany hajat etmäge zorlasalar bu siýdik halta ulalman galýar we çaganyň soňky ýyllarynda täredini balagyna etmegine ýa-ada gijelerine ýatagyna etmegine sebäp bolýar.

Psihologiki tarapdan seretsek çaga kiçi ýaşlarda (1-2 ýaşlarda) täredini etmekden keýp alýar. Bu keýp  bolsa çagamyzy rahatlandyrýar. Eger biz ene-atalar çagalary täredini etdirmäge zorlasak çagamyzyň bu keýpinden mahrum edýäs. Eger rahat bäbeklik döwrüni geçirmesini isleýän bolsaňyz asla zorlamaň!

Onda näçe aýlykda tuwalet düzgünleri öwredilmeli?

Çaga tuwalet düzgünlerini 1.5-2 ýaş aralygynda öwredilmeli. Elbetde çagadan-çaga üýtmegäm mümkin. Käbirlerinde 14-15 aýlyklarda hem öwredilip biliner. Bu çaganyň käbir zatlara akly ýetip siziň diýýän zatlaryňyza düşünip başlamasy bilen baglanşyklydyr.

Nädip öwretmeli?

Başlarda diňe irden turanda garşoga oturdylyp başlamaly. Sebäbi bütün gije boyunça çaganyň siýdik haltasy dolan bolýar. Muny çagadan çaga üýtgäp 2 hepdeden -1 aýa çenli dowam etdirip bilersiňiz.  Ondan soň agşam wagtlaryna geçmeli, ýagny çaga ýatmazyndan öň oturdylmaly garşoga. Elbetde muny çagamyzyň islap islemýänini soramalydyrys. Asla çagamyza gygyryp , zorluk bilen oturtmaly däldiris. Irden we agşam wagtlarynda garşoga oturtmanyny ýola goýsaňyz , gündiz wagtlary  çaganyň özi hem binjalyk bolmana başlajakdyr, eýýäm balagy ýa-da pampersi höl bolanda ol ony binjalyk etjedir. Ya-da çagamyzdan garşoga oturmak isläp-islemeýänini sorap ýola goýup bilersiňiz.

Leave a Reply