Çaga terbiýesi “Gyzym bar-gyzylym bar”

Çaga terbiýesi, çaganyň eje göwresinde galan  gününden, ýagny göwrämizdäki çagany islemek we ony  söýmek bilen başlaýar.

Her bir ejäniň göwresinde galan çagany dünýä indirmegi  isläp – islemeýşi, çagasynyň soňky ýyllardaky ýagdaýyna uly täsir edýär.

 Geçirilen barlaglarda uly ýaşlardaky är-aýal , dost-ýarlar arasyndaky gatnaşyklaryň köpüsiniň başabarmazlygynyň kökeninde …ýagny “Men söýülýän ynsanmy? Men näme üçin bar ?” ýaly soraglar bilen ýüzleşmeginiň  asyl sebäbi ejesi tarapyndan  islenmedik çaga bolup durýar.

Elbetde durmuşda ähli zat planly bolup duranok. Käwagt plansyz ýagdaýda göwrämizde bir çaganyň galandygyny bilip galýarys. Bu biziň planymyzda bolmasada, Allanyň planyndaky y bir çagadygyny unutmalyň!

Käwagt göwrelidigimizi bilip  “Meniň 3 çagam bar indi dogurmak islämok” ýa-da “Şu wagt çaga ulaldara ýagdaýym ýok, srogy kiçiräkkä gidip aldyrsammyka?” Ýa-da “Göwrämdäki çaga ýene gyz?” …… ýaly sözler bilen çagamyzyň beýnini “Seni islämok“  diýip kodlaýandygymyzy unutmalyň.

 Göwreliligimiz  planly ýa-da plansyz hem bolsa esasy zat çagamyzy (gyz ýa-da ogul çaga saýlaman) isläp, söýüp ulaltmakdyr.

Esasanam jemgyýetimizde gyz çaga kän islenilmeýär.  Ýa-da – birinji çagam ogul bolsun, soňkylary kim bolsada tapawudy ýok; ya-da ogul perzendiň dünýä inmesi üçin gyz çagalarymyza oglan sözi bilen başlaýan atlar dakylýar. ( Oguljan, ogulgerek…).

Belkide häzirki döwürde köpimiz bilýäris, gyz çaga, ogul çaga aýyrmaly däldigini, ýöne gynansagam ene-atalarymyzyň, babalarymyzyň  ogul perzende bolan isleg-arzuwy bizde hem öz täsirlerini görkezýär.

Elbetde çagamyzyň ogul ýa-da erkek jyns boljagy Allanyň elinde. Eger munuň fiziologiýasyna seretsek erkek kişiniň kletkalaryna

 (hromosomlaryna) bagly bolup durýar. Ýagny  çagamyzyň erkek ýa-da gyz jynsdan bolmagyna erkek kişiniň öýjügindäki  X ýa-da Y hromosomlaryna  baglydyr.

 Gynansagam jemgyýetimizde “ Sen ogul çaga doguraňok; sen gysganç aýal, sebäbi diňe gyz çaga dogurýaň “ diýip aýal maşgalany günäkärleýärler.

Jemgyýetiň täsiri netijesinde aýal maşgalanyň hem ogul perzent islemegi dogry bolup durýar. Bu bolsa nesilden nesle ogul perzende bolan isleg-arzuwyň beýnimizde kodlanmagyna sebäp bolýar.

Göwrelilik döwründe ultrazwugyň kömegi bilen perzendimiziň jynsy öwrenen halatymyzda “Wahey men oglan çaga garaşýardym” diýmegimiz bilen eýýäm çagamyzy özümizden uzaklaşdyryp başlaýarys. Çagamyz 2-3 ýaşlaryna gelende onuň bilen oýunlar oýnap bilemizok, sebäbi çagamyzy biz başdan kabul etmedik. Garran döwrümizde bolsa “Bu çagam meni idänok, hal-hatrymy soranok, oňa eje gerek däl öýdýän” diýip käýenýäris. Bu zatlaryň kökeninde bolsa çagamyzy göwrämizdekä kabul edip bilmeýşimiz bolup durýar.

Aslynda şeýle pikirlensek, gyz perzendimiz  gelejegimiziň ejeleri,  geljekde öz maşgalasyny gurjak zenan we ol maşgalanyň çagalaryny terbiýelejek ene. Bu sebäplerden gyz çagamyzy isläp, söýüp terbiýelemek möhüm bolup durýar. Yogsam islenilmedik gyz çaganyň maşgala durmuşyndaky ýan-ýoldaşy bilen oňuşmazlyklary, dawa-jenjellerine duş gelip bileris.

Gyz çaganyň terbiýesinde ene-atalara uly wezip düşýär. Her bir ene öz gyz çagasyna görelde bolýar. Ejäniň öýde özüne serenjam bermegi, arassa, owadan eşikler geýmegi gyz çagasynda uly täsir galdyrýar. We gyz perzent gelejekde nähili ene rolyny ýerine ýetirjegini öz ejesinden görelde alýar.

Gyz çaganyň terbiýesinde kaka söýgüsiniň, göreldesiniň hem uly orny bar. Kaka söýgüsini görmedik gyz çaga ulalanda bu söýgüni  ( söýgi mätäçligini) özge erkek kişilerde gözleýär.

Kaka asyl kakalygyny gyz perzendi bolanda duýýar diýýärler. Gyz çagalar üçin hem durmuşyndaky ilkinji erkek , kakasy bolup durýar.

Kakalar gyz çagasy bilen aragatnaşygy nähili ýakyn, gowy saklamagy başarsa; çyn ýüregi bilen söýse , olaryň gelejekde dogry erkek kişiler bilen maşgala gurmak , bagtly bolmak ýaly mümkinçiliklerini artdyrýarlar.

Kaka söýgüsini hormatyny gören gyz çagalar ýetginjek ýyllarynda ilki gören ýa-da ony ilki diňlän erkek kişilere aşyk bolmaz. Kakasynyň ornuny bolar-bolmaz erkek kişiler bilen doldurmaga çalyşmaz. Sylag-hormat söýgiň nämedigini biler we ony hakykatdan hem söýýän, hormat edýän erkek kişini saýlamagy başarar.

Elbetde ýokarda bellänlerimiz kakasy bolan gyz çagalara degişli bolup durýar, kakasy aradan çykan ýa-da ejesi bilen aýrylşan gyz çagalar üçin näme etmeli sowal ýüze çykýar.

Beýle ýagdaýda iň ýakyn ekek garyndaşlary bilen aragatnaşyk gurmagyna ýardam edip bileris. Bu babasy, daýysy, kakasynyň erkek doganlary…bolup biler. Olara hemde-de 2-3 gezek gidip gelmegine rugsat berip bileris. Eger-de garyndaşlaryndan görelde bolup biljek erkek kişi ýok bolsa gyz çaganyň mekdebindäki erkek mugallymy hem  bolup biler.  Ýagny çagamyzyň klas ýolbaşçysynyň erkek mugallym bolan bir synpa bermegimiz makul bolar.

Bärdäki esasy maksat gyz çaga görelde  boljak erkek kişini görkezip tanyşdyryp bilmekdir. Bu bolsa gelejekde gyz çaga durmuşyndaky dogry erkek kişini saýlamagyna ýardam eder.

Umuman aýdanymyzda  her çagany, ogul-gyz saýlaman isläp, söýgi bilen ulaltmak gaty wajypdyr. Sebäbi  her çaga bir dünýädir we gelejekde öz döwletini gurjakdyr.

Gyz çaganyň terbiýesinde diňe eje däl eýsem kakanyň  orny hem uludyr. Sebäbi göreldeli kaka gyz çagasyna dogry erkek kişiler bilen gatnaşmagyna, saýlamagyna ýardam eder.

Jemgyýetimizde her bir çagany bilimli-sowatly ýetişdirmek bolsa her bir ene-atanyň borjy bolup durýar.  Sebäbi Kämil çaga – kämil jemgyýetdir.

Ünsüňi çekip biler: Çagalarymyzyň iň uly mätäçligi – olary bolşy ýaly kabul etmekdir!

Leave a Reply