Bir zada ynansaňyz hökman başararsyňyz: Pygmolionyň effekti

Bir zady köp isleseňiz şonuň amala aşjagyna ynanyaňyzmy?

Bu makalamyzda , höweslenmegiňiz , özüňize we edýän işleriňize bolan ynanjyňyza bir azajygam bolsa ýol görkezmek üçin Pygmalionyň effekti teoriýasy hakynda gürrüň bermekçi.

Pymalionyň effekti teoriýasy Grek mifologiýasyndan, ýagny heýkeltaraş Pymoliondan gelip çykýar.Pygmolion

Pygmailon bir zenanyň heýkelini ýasapdyr we adyna Galatea goýupdyr. Rowaýata görä bu heýkel Pygmailonyň arzuwyndaky iň owadan zenanyň heýkelidi we öz ýasan heýkeline aşyk bolýar. Onuň hakyky bir zenen bolmasy üçin hemişe Hudaýdan dileýär. Muny şeýle bir ýürekden isleýär we soňunda Hudaý onuň dileglerini eşidýär we heýkele jan berýär. Söýgüsine gowuşan Pygmalion Galatea bilen birlikde hiçkimiň olary tapyp bilmejek bir ýere gidýäler we ömrüniň soňuna çenli bagtly bolýarlar.

Bu rowaýat görä, bir zady çyn ýürekden isleseňiz onuň amala aşmagy gaty ähtimaldyr. Muňada Pygmalionyň effekti diýilýär.

Bu tema bilen baglanşykly  1965-nji ýylda psiholog Robert Rosenthal we mekdep müdüri Lenore Jacobson bir barlag geçirýäler: Mekdepdäki her synpdan tötänleýin deň sanda okuwçy alynýar we olardan 2 topar emele getirýäler. Rosenthal, 1-nji topardaky okuwçylara beýleki topardan hiç hili tapawudy bolmasada olaryň  tapawutlydygyny, zehinlidiklerini, uly ukyplaryň bardygyny, başarjaňdyklaryny aýtýar.

1 ýyldan soň bu 1 –nji topardaky okuwçylaryň beýleki 2-nji topardan tapawutlanyp zehinlerini başarjaňlyklaryny görkezýärler, hatda IQ balynyň hem 4 bal ösüşi bellenilýär.  Rosenthal, mugallymlaryň bu okuwçylardan has başarjaň bolmagyna garaşanlyklary üçin okuwçylar bilen arasynda tapawutly bir bag bolup, bu hem okuwçylaryň özlerine bolan ynamyň döremegine we başarjaňlyklaryna ynanmagyna sebäp bolýar.  Muňa görä çaga başarjaň bolup biljegini duýdursaňyz, ol başarjaň bolar.

Bu tejribelerden çykarjak netijämiz: duýgularymyz, pikirlerimiz we durmuşdaky talaplarymyz biziň durmuşymyzy  üýtgedip bilýär we ätlejek ähli ädimlerimizi ugrukdyrýar. Irden nähili täze güne şadyýan, gowy energiýa bilen başlasaňyz we günüňiziň gowy geçjegine ynansaňyz, gün boýunça özüňizdäki pozitiw energiýa daş töwregiňize täsir eder we ähli zadyň gowy tarapyny görmäge başlarsyňyz we günüňiz hakykatdanam gowy geçer.” Göwni açygyň-ýoly açyk” nakyly hem muny düşündirýän bolsa gerek. Elbetde munuň tersäm bolup biler: bir zadyň bolmagyndan gaty gorkýan bolsaňyz bu başyňyza gelip biler. Eger-de dostlaryňyzy sylaýan bolsaňyz ýöne olaryň sizi sylamaýandygyny pikir etseňiz olara şüpheli gararsyňyz we negatiw energiya emele getirersiňiz , bu bolsa hakykatdanam dostlaryňyzyň gözünden düşmegine, sylagyňyzyň azalmagyna sebäp bolar.

Öz-özüňizi höweslendirmek ýa-da höwesiňizi ýok etmek diňe öz eliňizde…maňlaýyňyza hemişe gowy zatlaryň duş gelmesi ýa-da diňe negatiw zatlary özüňize çekmek…. Bularyň ählisi  siziň eliňizde. Üstünlik gazanjagyňyza hakykatdan hem  ynansaňyz we üstünlik gazanmak üçin eliňizden geleni edersiňiz we üstünligi gazanarsyňyz. Elbetde muňa ynanmasaňyz şowsuz bolarsyňyz. Pygmolion

Bir zady başarjagyňyza ynansaňyz beýniňiz şol ugurda işlär, size kömek etjek ähli ýollary pikirlener, Eger edip bilmerin diýseňiz beýniňiz diňe ýapyk ýollary size görkezer, sizem etmekden yüz öwürersiňiz .

Pygmalion effektini asla unutmaň! Durmuşdan diňe gowy zatlara garaşyň! Hatda bulary bir kagyza ýazyp, görüp biljek ýeriňize asyp bilersiňiz. Şeýlelik bilen näme isleýäniňizi bilersiňiz, höweslenersiňiz we bir görseňiz ahli zady ýuwaş-ýuwaş başararsyňyz….:) Pygmolion


Ünsüňizi çekip biler: Dumuşyňyzy üýtgetjek bir güýç: 5 sagat kanuny

Leave a Reply