Baý bolmak arzuwyňyzy ýok etjek 10 böwet.

Herkim bay bolmak isleýär. Ýöne durmuşda käbir zatlar baý bolmak arzuwyňyza böwet bolup bilýär. Telekeçi ruhy bolmadyk  ýa-da risk almak temasynda çekinjeň bolanlar diňe arzuw edýäler. Geljekde dünýädäki iň baý adamlaryň arasynda ýeriňizi bellemek isleýän bolsaňyz birazajyk özüňizi silkiň. We aşakdaky hereketlerden uzak duruň.

1. Plansyz işlemek.

Işjeň, netijeli işlemek ýerine köp işleseňiz baý bolup bilmersiňiz. Duş gelýän  ähli baý telekeçiler iş sagatlaryny jikme-jik planlaýarlar. Bir temanyň üstünde birnäçe sagatlap işlemek ýerine iň gysga wagtda , iň netijeli çözgüt tapmaga üçin hereket ediň.

2. Pul jemlemäge üns bermek

Pul jemlemek gowy zatdyr. Ýöne diňe pul jemlemäge üns berseňiz maýa goýum üçin puluňyz galmaz. Baý bolmagyň ilkinji şerti maýa goýumdyr. Nämelere maýa goýum etmeli? Bu temada “ Baý kaka, garyp kaka “ kitabyny okamagy maslahat berýän.

3. Hasap-hesip ýöredip bilmezlik.

Pul öýüňize gelişi ýaly sowulýarmy? Onda gutlaýan öýüňizde uly hasap-hesip problemasy bar. Gazananyňyzdan köp sowýan bolsaňyz ýa-da puly eliňize alyp almankaňyz sowýan bolsaňyz baý bolmagyňyz gaty kyn. “ Gazanýanyňyzdan  az sowuň” .  Dogry hasap hesip baý bolmak üçin ilkinji ädimleri ätmekde kömek eder.

4. Işgär bolup ýaşamanyny halamak

 Ýaýka  kelläňi al aýlygyňy pikiri size diňe rahat bir durmuş berer. Ýöne baýatmaz. Baý bolmak üçin gowy pikirlenmeli. Elbetde aýlyk belli ýere gelýänçäk gerekdir. Esasy zat alan aýlygymyzy dogry ýerde ulanyp bilmekdir. Pul sizi dolandyrmaly däl, siz puly dolandyrmaly.

5. Maýa goýum etmezlik

Baý bolmagyň ilkinji şerti dogry maýa goýum etmekdir. Ökde telekeji bolasyňyz gelýän bolsa maýa goýup pursatlaryny ulanyň.

6. Öz pikiriňize üns bermezlik.

Başgalaryň pikiri, firmasy üçin işlemek olary baýadar, sizi däl. Her gün agşam firmaňyzy baýatmak üçin sagat gurarsyňyz.   Eger baý bolasyňyz gelýän bolsa öz pikirlerňiziň üstünde işläň. Muny iş ýeriňizdäki tejribäňiz we kelläňizdäki pikirler bilen birleşdirip bilersiňiz.

7. Rahat durmuş islemek.

Elbetde 1-2 günde bay bolup bolmaýar.Belli bir kynçylyklardan geçmeli bolýaňyz. Üstünlige ýeten kişiler iň az bir gezek şowsuzlyga uçrandyrlar.  Esasy zat bes etmezlikdir.

8. Maksatsyz bolmak

Eger maksadyňyz ýok bolsa eliňizde hiç zat ýok diýmekdir. Ýola çykanyňyz özüňize bir maksat we plan çyzyň.  Bu maksadyňyza ýetmek üçin etmeli işeriňizi belläň. Maksadyňyz bolmasa baý bolup bilmersiňiz.

9. Çykdaýjylaryňyzdan galan pul bilen bir zatlar etmek

Hasap-hesip bilen baglanşykly başga bir temada eliňizda galan pul bilen birzatlar etmäge çalyşmagyňyzdyr. Köplenç aý ahyry gelende köpimiziň  elinde az pul galýar. Günlik sowalgalar, gezelençler, dynç alyşlar we konsertler diýsek elimizde maýa goýum üçin pul galmasy gaty kyn. Bu sebäpden hem puluňyzy planlaň we ilki bilen maýa goýum üçin pul aýyryň. böwet

10. Özüňize ynanmazlyk.

Baý boljagyňyza ynanmasaňyz baý bolup bilmersiňiz. Bu ýola çykanyňyzda pikirleriňizi yzynda duruň we hemişe öňe gidiň. Geljek üçin planlar ediň. Ýogsam irden 8, agşam 5 sagatlar arasynda işlemäge dowam edersiňiz. böwet


Ünsüňizi çekip biler: Will Smithiň durmuşyny üýtgeden 3 kitap

Leave a Reply