Başarjaň bolmak arzuwymyzy nirede ýitirdik?

Kimler durmuşda başarjaň bolmak isleýär? Kimler üstünlige ýetmek isleýär? diyip sorasak, geçirilen anketlerde 92 % kişiniň durmuşda başarjaň bolmak isleýändigini görüp bilýäris.

Ýöne näme üçindir şol 92% başarjaň bolmak isleýänleriň içinde diňe 20% hakykatdan hem durmuşda bir üstünlige ýetýärler, başarjaň bolýarlar.

Google analizlaryna syn etsek gynansagam aýdymçylaryň, artislaryň durmuşy hakkynda maglumatlar  “Başarjaň bolmak” maglumatlaryna görä köp gözlenýär.  Bärde şu sorag ýüze çykýar biz hakykatdanam başarjaň bolmak isleýäsmi  ýa-da diňe başarjaň bolmak isleg-arzuwlarymyzda galýarmy?

Hemmämiz dogluşdan başarjaň bolmak islegi bilen dogulýarys. Ýagny emendeklemägi öwrenýäris, soň ýerimizden turmagy we ýöremägi öwrenýäris. Egerde başarjaň bolmak islegimiz ýok bolsady oturan ýerimizde galardyk.

2 ýaşyndaky çagany alsak ähli zady özi etmek islär, iýmägi öwrener, geýinmägi öwrener, özüm ýörejek diýip dyrjaşar. Ýöne näme üçindir 20 ýaşa gelenimizde bolsa dyrjaşmagy goýýas. Başarjaň bolmak arzuwymyzy nirede ýitirdik?

Bärde size geçireln bir  barlagy  gürrüň bermekçi:

1-nji barlag

Aç bolan akulany bir akwarýuma goýýarlar, garşysynada iýmegi üçin kiçi bir balyk goýýarlar. Ýöne alymlar iki balygyň arasyny aýna bilen aýyrýarlar. Aç akula näme edýär? Elbetde aç bolanlygy üçin kiçi balygyň üstüne topulýar. Ýöne her gezek aradaky aýna toslap, aljyraýar. Deňeýär, deňeýär bolanok.  Ahyry deňemekden ýüz öwürýär.

2-nji barlag

Ondan soň alymlar barlagyň 2-nji tapgyryna başlaýar: Aradaky aýnany aýyrýarlar we akulanyň näme etjegini synlamaga başlaýarlar. Näme görýärler: 1-nji barlagda akulaň öňünde bir böwet bardy. Ýöne 2 nji barlagda böwet ýokdy. Islese balygy tutup, iýip bilýär. Akula aç bolsada, nädip iýjegini bilsede balygy iýmekden ýüz öwürýär. Näme üçin? Tekepbirli bolandygy üçin mi?  Ýok dowamly şowsuz bolanlygy üçin, şowsuz bolmagy öwrenendigi üçin.

3-nji tapgyr

Barlagyň 3 nji tapgyrynda akulanyň agtygy mekdepden gelýär we “ Ata hanaa..balyk bar, tut iýeli diýýär”.  Atasy “ Ýok oglum ol balygy iýip bolanok, iýilmeýär ol”.   Agtygy “Ýok ata mekdepde mugallymyz iýip biljegimizi aýdy, iýeli ata.. “ diýýär Atasy “ Oglum ol ýer mekdep, bu ýer durmuş, biz kellämizi aýna urup –urup iýilmeýändigini öwrendik” diýýär we öz agtygyny gorajak bolup oňada öwrenilen şowsuzlugy öwredýär.

Soň ynsanlar şowsuzlygyň aýdymyny ýazýarlar, goşgusyny düzýärler, nakyllaryny ýazýarlar we öz nebereline öwredýärler. Aslynda çagalaryny goramak üçin öwredýärler, ýöne gynansagam olaryň umytlaryny  guradýarlar, ýagny  umytsyzlaşdyrýarlar.

Egerde beýnimizdäki ýagny içimizdäki imunny sistemamyz  (intelektual) güýçli bolsa, nämä, näme üçin ynanmalydygyny bilse şowsuzlyga garşy  göreşip biljekdir.

Hiç kim durmuşda şowsuz bolmak üçin dogulmaýar

Hawwa esasy zat durmuşda umytsyz bolman, bellän maksatlarymyzyň üstünde dowamly işelemek, dowamly dürli-dürli ýollary deňemekdir.

Şowsuzlyk – ütünlige gidýän ýoldur.

2019-njy ýyl hem bosagada…Baýramçylygyň iň gowy ýeräm sowgat almak we sowgat bermek. Özümize sorasak näme sowgat almak isläris? Iň gowy geýim – geýýäris könelýär, iň gowy parfýum – sepýäris gutaryar, şokolad my – iýýäris hiç zat galmaýar. Onda näme?

Meniň bir teklibim bar: 2019 ýylda özümize bir maksat sowgat edeliň. Meselem 2019-njy ýylda has gowy ene-ata boljak, sport bilen meşgullanjak, saglykly iýmitlenjek, her gün kitap okajak, täze dil öwrenjek..we ş.m

 Bu maksatlary durmuşymyza ornaşdyrmak bolsa biziň ýaşaýşymyzyň hilini ýokarlandyrar.

Bu maksatlary amala aşyrmak bolsa, her gün  olaryň  üstünde işlemekdir.  Bu ugurda alnan lezzetler, çekilen zähmetler bolsa ömür boýy siziň aňyňyzda we ruhyňyzda galar. Täsiri bolsa siziň durmuşyňyzy özgerder. Öýüňize bagt, şatlyk, gülki getirer.

Onda näme Täze ýylyňyz, Täze maksatlaryňyz gutly bolsun!

P.S.  Bellän maksatlarymyzy amala aşyrmak üçin ädiljek ädimleri indiki makalamda ýazmakçy.

Comments 4

  1. Rain 01/01/2019
  2. Anonim 05/02/2019
  3. maksat 10/03/2019

Leave a Reply