Ah şu öýe berlen ýumuşlar…

Çagalarymyza näçe gezek mekdepde tabşyrylan  öý ýumuşlaryny ýerine ýetir diýsek hem bizleri diňlemän bilýäler. 40 gezek aýtýan ýene diňlänok, ýogsam özleräm etmelidigini bilýär welin ýene edenoklar diýip käýinýäs.

Biz ene-atalar hem köp zady bilýäs, yöne ýerine ýetirmeli bolanymyzda ýaltanýas ya-da yradamyzy dogry ulanyp bilemizok. Meselem günde 1.5 litr suw içmeli diýýäs, ýöne içemizok. Ýada günde ýarym sagat ýöreýiş etmegiň saglygymyza peýdalydygyny bilýäs , ýöne ýerine ýetirip bilemizok. Ya-da horlanaýyn diýýäs, horlanyp bilemizok. Näme üçin? Sebäbi bir zady “bilmek” we ony “amal etmek” aýra-aýra zatlar. Bilmek “beýnimiziň” işi, amal etmek bolsa “yradamyzyň” işi.

Biz ulularyň bilýän zatlarynda yradamyzy ulanyp bilmedik wagty, muny bir çaganyň ýerine ýetirmesi biraz kyn. Ýa-da maşagalada ene-ata telewizor seredýändir we çagasyny öýe berlen ýumuşlaryny  ýerine ýetirmesi üçin otagyna ugratýarlar. Elbetde beýle ýagdaýda çagamyzyň bizi diňlemesine garaşmaň.

Onda näme etmeli? Öýe berlen ýumuşlary näme ? Çagamyzyň yradasyny ulanyp bilmesi üçin oňa goldaw bermeli. Öý işlerini ýerine ýetirip biljek ýerini taýynlamaly. Gerek bolsa bile oturyp etmeli. Olara goldaw berip höwesini artdyrmaly. Olara ters gidip yradasyny ýitirtmeli däl. Ýa-da maşagalada ene-ata telewizor seredýändir we çagasyny öýe berlen ýumuşlaryny  ýerine ýetirmesi üçin otagyna ugratýarlar. Elbetde beýle ýagdaýda çagamyzyň bizi diňlemesine garaşmaň.

Leave a Reply